JEMGYÝET

Döwrebap Türkmenistanda döwrebap saglyk ulgamy

"Häzirki Türkmenistan – durmuş taýdan goraglylykda ýokary standartly we her bir işe jogapkärçilikli çemeleşýän döwlet, bu ýurtda jemgyýetiň iň gymmatly zady adam bolup durýar, döwlet tarapyndan edilýän tagallalar bolsa şahsyýetiň erkin ösmegine we onuň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir". Bu sözler Russiýanyň “Wektor” Halkara strategiki gözlegler institutynyň (RF) bilermenleriniň eden beýanatyndan sitatadyr.

Soňky 10 ýylyň dowamynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Türkmenistanyň hökümeti milletiň saglygyny döwletiň baýlygy hökmünde kesgitläp, milli saglygy saklaýyş ulgamynyň ähli ugurlaryna yzygiderli üns berip gelýär. Ilatyň durmuş şertleri we sosial goragy barha ýokarlanyp, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça täze başlangyçlar, şol sanda temmäki we neşe serişdelerine garşy barlyşyksyz göreş ýola goýuldy. Ýurduň öz saglyk ulgamynyň tehniki binýadyny we kadrlar ulgamyny ösdürmek boýunça gazanan üstünlikleri Bütindünýä Saglyk Guramasy tarapyndan hem ykrar edildi.

1996-njy ýyl bilen deňeşdirilende, saglyk ätiýaçlandyryşyna eýe bolan raýatlaryň sany 45 göterim ýokarlandy. Häzirki döwürde paýtagt Aşgabadyň ilatynyň 70 göterimden gowragy, şol sanda ene-atalarynyň howandarlygynda bolan ýaş nesil, saglyk ätiýaçlandyryşynyň dürli görnüşdäki hyzmatlarynyň hözirini görýärler. Ätiýaçlandyrylan raýatlar dermanlary 90 göterim arzan bahadan satyn alýarlar, şeýle hem hassahanalarda bejergi alanlarynda we diş lukmanyna ýüz tutanlarynda aýratyn ýeňilliklere eýe bolýarlar. Häzirki döwürde bu hyzmatlar döwlet hassahanalarynda we saglyk öýlerinde berilýän tölegli saglyk hyzmatlarynda 50 göterim arzanladyşy öz içine alýar.

Bäş ýaşdan kiçi bolan çagalaryň arasynda poliomiýelit keseliniň öňüni almak boýunça geçirilýän ýyllyk çäreleriň netijesinde, Türkmenistan poliomiýelit wirusyndan azat bolan döwlet statusyna eýe boldy. 2007-nji ýyldan bäri hiç-hili B gepatiniň we difteriýa keseliniň ýagdaýy hasaba alynmady. Keselleriň umumy derejei 18.3 göterim, ýokanç keselleriň derejesi bolsa 23 göterim azaldy. WIÇ infeksiýasynyň we AIDS keseliniň öňüni almak boýunça ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde, Türkmenistan WIÇ/AIDS keselleri ýaýramadyk az sanly ýurtlaryň arasynda girdi.

Täze saglyk desgalarynyň gurluşygy, şeýle hem saglyk binýadynyň tehniki üpjünçiligi boýunça geçirilýän işler ýokary depgin bilen dowam edýär. 2014-nji ýylda Aşgabatda täze Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi we Tiz kömek merkezi açyldan iki ýyl soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylda Halkara newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Olaryň ählisi Halkara güwanamalara mynasyp boldular.

Häzir Türkmenistanyň saglyk pudagynda gazanan üstünlikleri halkara habar beriş serişdelerinde ýygy-ýygydan taryp edilýär. Ýurtda her ýyl halkara saglyk forumlary geçirilýär. Türkmenistan immunizaiýa çärlerini geçirmek boýunça birinji orunda durýar, şeýle hem mugt sanjymlaryň we immunizasiýanyň elýeterliligi boýunça sebitde öňdebaryjy orny eýeleýär. Paýtagt Aşgabat bolsa ýakyn geljekde Merkezi Aziýanyň saglyk merkezi bolmaga tarap ynam bilen öňe barýar.

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär