JEMGYÝET

Wladimir Putin we Masud Pezeşkian Awazada duşuşdylar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ugry boýunça geçirilýän çärelere we Hazar deňzinde ekologik hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşyklara gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Wladimir Putin ozaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň beýleki myhmanlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul edişlige gatnaşdy. Şol ýerde Awazada geçirilýän ýokary derejeli duşuşyklaryň beýleki gatnaşyjylary bilen gysgaça duşuşmaga mümkinçilik aldy.

Ilkibaşda Masud Pezeşkian bilen duşuşygyň şu gün geçirilmegi meýilleşdirilendigine garamazdan, iki ýurduň ýolbaşçylary ony yza süýşürmezlik we düýn geçirmek kararyna geldiler.

Russiýanyň lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň habar bermegine görä, öňden meýilleşdirilen bu gepleşiklerde Ýakyn Gündogardaky ýagdaý, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylmalydy.

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň soňky ýüzbe-ýüz duşuşygy 1-nji sentýabrda Gyrgyzystanda ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde geçirildi. Şonda iki ýurduň ýolbaşçylary ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem Ýakyn Gündogarda mümkin boldugyça tiz parahatçylygy gazanmagyň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Üstünligiň açary

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllyk dabaralaryna gatnaşdy

AB Türkmenistan’da temsilcilik açacak

vepa