JEMGYÝET

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana geldi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň sammiti we Hazar deňziniň ekologiýa sammiti bilen bagly çärelerde gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Wladimir Putiniň daşary ýurt iş sapary iki gün dowam eder.

«Russiýa» ýörite uçuş toparynyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline gondy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Russiýanyň Lideriniň gatnaşjak halkara çäreleri geçiriler.

Russiýanyň Liderini uçaryň ýanynda çagalar gül desseleri bilen, şeýle hem Türkmenistanyň hormat garawulynyň esgerleri garşyladylar.

Wladimir Putin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we beýleki resmi adamlar tarapyndan garşylandy.

8-nji oktýabrda Wladimir Putin saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmek, şeýle hem kabul edýän tarapyň guramagyndaky çärelerine — GDA ýurtlarynyň we Eýranyň milli tagamlarynyň festiwalyna, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan geçiriljek resmi kabul ediş çäresine gatnaşmak bar.

Russiýanyň Prezidenti soňky gezek Türkmenistana bir ýyl töweregi öň sapar bilen gelipdi. Şonda Putin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşypdy.

Related posts

Jony türkmen muşdaklarynda ýakymly ýatlamalar galdyrdy

Ata Watan Eserleri

«Instagramdan» iň köp gazanýan ýyldyzlar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Natalýa Germana gynanç bildirdi