JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 7–9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar.

Özbegistanyň Lideri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň nobatdaky sammitine gatnaşar.

Konsultatiw duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki çäreleri kabul etmek, medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky gatnaşyklary, şeýle hem ýaşlar alyş-çalyşlaryny ösdürmek meseleleri girizildi.

Sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Arkalaşygyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri jemleniler we onuň mundan beýläkki ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Birleşigiň döredilmeginiň 35 ýyllygyna aýratyn üns berler.

Çäreleriň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalaryň toplumynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem saparyň maksatnamasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ençemesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Related posts

…çagasyna näme diýilýär?

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Tatarystandaky daşary ýurtly talyplaryň sanawynda birinji orunda

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi