DÜNÝÄ

Lawrow: her gezek gelenimde Türkmenistanyň ösüşleriniň şaýady bolýaryn

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine

Sergeý Lawrow öz çykyşynda şeýle diýdi:

Bu ýerde bolmak meniň üçin örän ýakymly. Bu ýere her gezek gelmek Türkmenistanyň nähili ösýändigine ýene-de bir gezek şaýat bolmak bilen baglanyşyklydyr.

Bu saparlar elmydama peýdaly halkara ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreler bilen utgaşýar. Şu üç günüň dowamynda hem şeýle çäreler geçiriler. Olaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ugry boýunça geçiriljek çäreler — daşary işler ministrleriniň duşuşygy we beýleki çäreler bar. Mundan başga-da, Hazar deňziniň kenarýaka bäş döwletiniň ekologik sammiti geçiriler. Bu hem biziň köp wagtdan bäri garaşýan örän möhüm çärämizdir. Şeýle-de şu hepdäniň esasy wakalarynyň çäginde, şu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän beýleki köp sanly çäreleri hem agzap geçmek gerek.

Dürli halkara meýdançalarynda biziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigiňiz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Şeýle hem döwlet Baştutanlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek, daşary syýasat ugrundaky hereketlerimizi utgaşdyrmak boýunça gazanýan ylalaşyklarynyň ähmiýetini aýratyn nygtamak isleýärin.

Şu gün bu meseleleriň ählisini Siziň bilen jikme-jik ara alyp maslahatlaşarys we daşary işler edaralarynyň degişli netijeleri gazanmakdaky barha artýan ornuny üpjün etjek geljekki ädimleri kesgitläris diýip umyt edýärin.

Sözümiň ahyrynda, şu ýylyň 27-nji sentýabrynda bellenilen baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek isleýärin.

Ýene-de bir gezek biziň çuňlaşdyrylýan ýaranlyk hyzmatdaşlygymyzyň häzirki ýagdaýyndan we geljeginden hoşaldygymyzy nygtamak isleýärin.

Related posts

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy türk wekiliýetini kabul etdi

Türkmenistan’ın İtalya ihracatı 3 kat arttı

vepa

Patyşa Willem: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýäris