DÜNÝÄ

Matwiýenko: Zenanlar halkara parahatçylygyna uly goşant goşýarlar

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara forumyň plenar mejlisinde çykyş etdi.

Bu abraýly çäre «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda (Türkmenbaşy şäheri) geçirilýär, bu ýerde 9-njy oktýabrda GDA agza döwletleriň baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

Walentina Matwiýenkonyň pikiriçe, Halkara forumyň hut Türkmenistanda geçirilmegi diýseň çuňňur mana eýedir, çünki bu ýurtda zenanlaryň öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna gatnaşmaklary üçin mynasyp şertler üpjün edilendir.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy forumyň Türkmenistan üçin möhüm ýylda — Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda geçýändigini hem belläp geçdi. Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň raýatlaryny bu şanly senä bilen gutlady.

Walentina Matwiýenkonyň bellemegine görä, hut zenanlar häzirki zaman çylşyrymly ählumumy gün tertibine gepleşiklere ymtylyşy, derwaýys meseleleri maslahatlaşmak we ylalaşyk gözlemek arkaly çözmek başarnygyny getirip bilerler. «Şeýle çemeleşme häzirki zaman ählumumy syýasatda we ykdysadyýetde özgerişler eýýamynda diňe bir wajyp bolman, eýsem gaty möhümdir.» diýip, ol belledi.

Matwiýenko Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny nygtady. «Häzirki wagtda BMG-niň tagallalary durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir, muňa goşmaça bu maksatlaryň hersinde zenanlara aýratyn möhüm orun berilýär. Emma entek edilmeli işler köp. Munuň üçin tejribe, üstünlikli amallar we işläp düzmeler bilen alyş-çalyş etmegi gaty möhüm diýip hasaplaýaryn» diýip, Walentina Matwiýenko aýtdy.

«Bütin adamzat ösüşi üçin zenanlaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Bilelikdäki işimiziň parahatçylygy saklamagyň we durnukly ösüşe ýetmegiň ýolundaky iň wajyp meseleleri we sowallary çözmegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn» diýip, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy sözüni jemledi.

Forumyň alyp baryjysy — Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň bellemegine görä, Türkmenistan häzirki halkara gepleşikleri giňden pikir alyşmak, şeýle hem möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek we olary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen anyk we konstruktiw teklipleri işläp düzmek üçin uly tagallalar edýär.

Dünýägözel Gulmanowa Zenanlaryň halkara dialogynyň geçirilmeginiň zenanlaryň döwlet durmuşyndaky ornuny berkitmek, eneligi we çagalygy goramak strategiýasyny netijeli öňe sürmek, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek, maddy we durmuş abadançylygyny, saglygy, intellektual ösüşi we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, häzirki zaman çykyşlaryny we mümkinçiliklerini maslahatlaşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tejribe alyşmak üçin täze binýat bolup durýandygy bilen baglydygyny nygtady.

Plenar mejlisiň dowamynda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, Täjigistanyň Işewür zenanlarynyň milli assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy çykyş etdiler.

Related posts

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisi Gyrgyzystanda geçiriler

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby – «Garaşsyzlyk – bagtymyz»

Ata Watan Eserleri