JEMGYÝET

Türkmenistanda 1-nji oktýabrdan elektron wiza ulgamy işe girizildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

“Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmäge, onuň çäklerinde bolmaga, gitmäge hem-de üstaşyr geçmäge rugsat berýän elektron wiza (e-Visa) resmileşdirmek hem-de bermek ulgamy işe girizildi.

2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, elektron wizalary bermek bilen bagly işler Internet torundaky ýörite web-saýtynda ýerleşdirilen «e-Visa» atly elektron ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylar.

Täze sanly hyzmat ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlarynyň wagtynyň tygşytlanmagyna, resminamalary elektron dolandyrlyşyna geçirmäge hem-de ähli işleri gysga wagtda, ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ulgam migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyryp, hyzmatlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün eder.

Related posts

Türkmenistanly dünýä çempionlary “Toyota” kysymly awtomobil bilen sylaglandy

Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi

Türkmenistan buz hokeyinde Malezya ve Makao’nu yendi

vepa