BIZNES

“Daewoo E&C” Garagum kanalynyň 250 km böleginiň durkuny täzelemegi meýilleşdirýär

Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanyň Ahal we Balkan welaýatlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen Garagum kanalynyň takmynan 250 kilometrlik böleginiň durkuny täzelemegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Maýa goýum forumynda (TIF-2026) kompaniýanyň şahamçasynyň baş direktory Min Man Jung habar berdi.

Garagum kanalyny durkuny täzelemek taslamasynyň çäklerinde “Daewoo E&C” Ahal we Balkan welaýatlaryny durnukly suw bilen üpjün etmek üçin täze, döwrebaplaşdyrylan kanal gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň şahamçasynyň baş direktory Min Man Jung aýtdy.

Ol sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Seula amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini habar berdi.

Junguň bellemegine görä, häzirki wagtda taýýarlyk tapgyrynda bolan taslamanyň bu böleginiň uzynlygy takmynan 250 kilometre barabar bolup, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçýär.

Ol Köpetdag suw howdanyndan başlanýar we Bereket suw howdanyna çenli uzalyp gidýär. Taslamanyň maksady kanalyň könelen gidrotehniki desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we ygtybarly suw üpjünçilik ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Related posts

Ýyladyşhana hojalyklary boýunça seminar

Türkmen Lider, Rus Dışişleri Bakan Yardımcısını kabul etti

vepa

Sues kanaly rekord girdeji gazandy

Ata Watan Eserleri