BIZNES

7 aýda Türkmenistan bilen Gazagystanyň 2,6 million tonnadan gowrak nebiti Baku – Tbilisi – Jeýhan arkaly geçirildi

2026-njy ýylyň ýanwar–iýul aýlarynyň netijeleri boýunça Baku – Tbilisi – Jeýhan (BTJ) esasy nebit geçirijisi arkaly Türkmenistandan we Gazagystandan jemi 2 million 618 müň 500 tonna çig nebit halkara bazarlaryna akdyryldy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komiteti habar berdi.

Hasabat döwründe bu turba geçirijisi arkaly daşalan nebitiň umumy möçberi 14 million 773 müň 200 tonna deň boldy. Şunlukda, Türkmenistandan we Gazagystandan ugradylan energiýa serişdeleri akdyrylan umumy nebitiň 17,7 göterimini eýeledi. Söwda amallarynyň galan 12 million 154 müň 700 tonnasy, ýagny 82,3 göterimi bolsa Azerbaýjanyň özünde çykarylan nebitiň paýyna düşdi.

Uzynlygy 1768 kilometre ýetýän Baku – Tbilisi – Jeýhan nebit geçirijisi Hazar sebitiniň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmakda strategik ähmiýete eýedir. Bu magistral geostrategik geçelge çig nebiti Bakudan başlap, Gruziýanyň çäginden geçirmek bilen Türkiýe Respublikasynyň Ortaýer deňziniň Jeýhan portuna bökdençsiz ýetirmegi üpjün edýär.

Related posts

Türk kompaniýasyna täze taslama ynanyldy

Ata Watan Eserleri

“Kawasaki” kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmaga kömek eder

Halkara maýa goýum forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri