DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze ýolbaşçysy bilen duşuşdy

ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen 2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramowyň ROTOBO-nyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşygy geçirildi.

Hususan-da, 2026-njy ýylyň 14-16-njy dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetleriniň 16-njy mejlisine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça taslamalar barada hem pikir alşyldy.

Related posts

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Pakistanda TOPH taslamasynyň gurluşygyna başlanar

Ata Watan Eserleri

Öýde öndürijilikli wagt geçirip boljak 10 onlaýn iş

Ata Watan Eserleri