DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda parom türgenleşigi geçirildi

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) Ýolagçylar we ýükler boýunça gözegçilik maksatnamasynyň (PCCP) Gümrük edaralarynyň we Port gözegçilik toparlarynyň sebit torunyň (IREN) çäklerinde Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Azerbaýjanyň Halkara deňiz söwda portunyň arasynda amaly parom türgenleşigi geçirildi.

Türgenleşige Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň gümrük gulluklarynyň, şeýle hem UNODC-niň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (WCO) wekilleri gatnaşdylar.

 

Türgenleşik Port gözegçilik bölümleriniň arasynda hakyky wagt tertibinde operatiw hyzmatdaşlygy we maglumat alyş-çalşygyny güýçlendirmek, Hazar deňziniň üsti bilen daşalýan ýokary töwekgelçilikli ýükleri ýüze çykarmak, nyşana almak we olaryň bikanun daşalmagynyň öňüni almak boýunça amaly başarnyklary kämilleşdirmek maksady bilen guraldy.

Türgenleşigiň çäklerinde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baku şäherindäki Potensialy güýçlendirmek boýunça Ýewropa sebit edarasynyň binasynda geçirilen çärede çykyş eden Döwlet Gümrük Komitetiniň başlygynyň orunbasary, gümrük gullugynyň general-maýory Fuad Mämmedow ýük daşamalarynyň möçberiniň çalt artýan Orta geçelgesiniň ugrunda halkara söwda we üpjünçilik zynjyrynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, gümrük edaralarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek, maglumat we tejribe alyş-çalşygyny giňeltmek babatda bu türgenleşigiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Soňra Bütindünýä Gümrük Guramasynyň bilermeni Swetlan Sawow dürli hukuk bozulmalary bilen baglanyşykly predmetleriň ele salynmagy, Döwlet Gümrük Komitetiniň işgäri bolsa Azerbaýjanyň gümrük gullugynda ulanylýan sanly tehnologiýalar barada tanyşdyryş çykyşlaryny etdiler.

Related posts

Türkiýe prezident saýlawrlary: 4 dalaşgär gatnaşýar

Türkmenistan bilen Gazagystan sebit hyzmatdaşlygy ösdürer

Dawis hukuk fakultetinde Halkara Nowruz güni belleniler