DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Demirok diplomatik işiniň döwründe berlen hemmetaraplaýyn goldaw üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar iki doganlyk ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

Ýokary we giň derejedäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary berkitmegiň esasy ugry bolup durýandygy bellenildi.

Taraplar abraýly halkara we sebit gurluşlarynyň, ilki bilen BMG-niň çäginde özara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini dowam etdirmegiň tarapdary bolup çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere seretdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar söwda gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen nygtadylar we haryt dolanyşygyny artdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlary mundan beýläk-de berkitmäge bolan özara meýilleri hem tassykladylar.

Daşary syýasat edarasynyň baştutany Ilçä türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa geljekki işlerinde üstünlikler diledi.

Related posts

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

80 ýurduň Baştutany Azerbaýjandaky COP29 sammitinde çykyş eder

Halkara zenanlar gününiň dabarasy