DÜNÝÄ

Ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry

Paý­tag­ty­myz­da­ky “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň hem-de BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ul­gam­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li milli «te­ge­lek stol» mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu iri çä­rä Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Mej­li­siň, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, ugur­daş eda­ra­la­ryň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik guramalarynyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, hal­ka­ra guramalaryň, şol san­da BMG-niň we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň, iri hal­ka­ra ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýe­ti saz­la­şyk­ly ös­dür­mä­ge, ra­ýat­la­ryň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len dur­muş stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Şu ge­zek­ki ýo­ka­ry de­re­je­li milli “te­ge­lek stol” mas­la­ha­ty hem bu stra­te­gik äh­mi­ýet­li ul­gam­da al­nyp bar­lan köp­ýyl­lyk iş­le­riň je­mi­ni jem­le­mek we tä­ze ugur­la­ry kes­git­le­mek üçin mö­hüm meý­dan­ça­dyr. Hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da milli sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň gerimli öz­gert­me­ler­de Gahryman Arkadagymyzyň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen ýö­rel­ge­si öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Döw­let de­re­je­sin­de ene­ler we ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da di­ňe bir luk­man­çy­lyk we­zi­pe­si däl-de, eý­sem, uzak möh­let­li dur­nuk­ly ösü­şiň hem mö­hüm şer­ti hök­mün­de ga­ral­ýar.Ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy, şol san­da Türk­me­nis­tan­da ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça «Sag­dyn ene — sag­dyn ça­ga — sag­dyn gel­jek» at­ly 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin Milli mak­sat­na­ma bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň hu­kuk hem-de amaly bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýär. Bu stra­te­gi­ýa ça­ga luk­man­çy­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge, ke­sel­le­ri anyk­la­ma­gyň in­no­wa­sion usul­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga we maş­ga­la ins­ti­tu­ty­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ýur­du­myz bo­ýun­ça ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň dö­re­dil­me­gi döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýaş ne­sil­ler ba­ra­da edil­ýän ala­da­nyň ne­ti­je­si­dir. Paý­tag­ty­myz­da, Arkadag şä­he­rin­de, äh­li we­la­ýat­lar­da gur­lan enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça mer­kez­ler ýo­ka­ry stan­dart­la­ra la­ýyk gel­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny amala aşyr­ýar.

Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek ul­ga­myn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Gaz­na çyl­şy­rym­ly dur­muş ýag­da­ýy­na dü­şen we ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk be­jer­gi­si­ni al­ma­ga mä­täç­lik çek­ýän ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek­de ha­ýyr-sa­ha­wat işi­ni alyp bar­ýar. Onuň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ýüz­ler­çe ça­ga öň­de­ba­ry­jy has­sa­ha­na­lar­da çyl­şy­rym­ly luk­man­çy­lyk ope­ra­si­ýa­la­ry amala aşy­ryl­dy. Gaz­na­nyň bu asyl­ly işi ça­ga­la­ra jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şy­na do­ly de­re­je­de go­şu­lyş­ma­ga, ola­ryň ene-ata­la­ry­na bol­sa er­tir­ki gü­ne ynam bi­len ga­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu dü­zü­miň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na has­sa­ha­na­la­ryň we ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ryň ça­ga­lar bö­lüm­le­ri döw­re­bap luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, “Tiz kö­mek” aw­tou­lag­la­ry, ze­rur luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edil­ýär.

BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy (ÝU­NI­SEF) bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň mö­hüm bö­le­gi­dir. Bu hyz­mat­daş­lyk stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lup, tä­ze dog­lan ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, ir­ki ösü­şi­ni gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len maksatnamalaryň giň top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň we ÝU­NI­SEF-niň bi­le­lik­dä­ki iş meýilnamalarynyň çäk­le­rin­de äh­lu­mu­my im­mu­ni­za­si­ýa, ça­ga­la­ry dog­ry iý­mit­len­dir­mek stan­dart­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça maksatnamalar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu dü­züm ýur­du­my­zyň ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki taslamalar ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak ul­ga­myn­da milli ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mä­ge, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri­niň hem-de pe­da­gog­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy bi­len BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy milli dur­muş go­rag­ly­ly­gy ul­ga­my­nyň ösü­şin­de hil taý­dan tä­ze tap­gyr bol­dy. Res­mi taý­dan ber­ki­di­len bu stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk gaz­na­nyň yn­san­per­wer işi­ni we ÝU­NI­SEF-niň köp­ýyl­lyk dün­ýä tej­ri­be­si­ni bir­leş­dir­ýär. Bi­le­lik­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, ça­ga­la­ryň ke­sel­le­ri­ni ir­ki anyk­la­ýyş stan­dart­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, inkl­ýu­ziw bi­lim maksatnamalaryny kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­ýär, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler al­şyl­ýar we ýur­du­myz­da her bir ça­ga­nyň hu­ku­gy­ny go­ra­ma­ga, aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len bi­le­lik­dä­ki taslamalar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Sýaosz­ýun Greýs Wan mas­la­ha­ty açyp, şeý­le äh­mi­ýet­li hal­ka­ra çä­rä­ni ge­çir­mä­ge ber­len gol­daw üçin Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.Soň­ra BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li ha­nym Jal­pa Rat­na söz be­ril­di. Ol hem­me­le­ri mä­hir­li mü­bä­rek­läp, di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ul­gam­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ba­gyş­la­nan milli “te­ge­lek stol” mas­la­ha­ty­na gat­naş­ma­gyň ÝU­NI­SEF üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­läp, we­kil­çi­lik ed­ýän gu­ra­ma­sy­nyň adyn­dan ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.Soň­ra çy­kyş et­mek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz be­ril­di.

Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry mä­hir­li mü­bä­rek­läp, hem­me­le­re min­net­dar­lyk bil­dir­di we çy­ky­şy­ny BMG-niň res­mi dil­le­ri­niň bi­ri bo­lan iň­lis di­lin­de do­wam et­di. Oguljahan Atabaýewa şu du­şu­şy­gyň ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, hu­su­san-da, ÝU­NI­SEF bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýe­ne-de bir aý­dyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny aýt­dy hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, tu­tuş to­pa­ryň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti­ni, işi­ne yg­rar­ly­ly­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti bu du­şu­şy­gyň mak­sa­dy­nyň di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň äh­mi­ýe­ti, aý­ra­tyn-da, Türk­me­nis­tan­da bu ba­bat­da ha­bar­ly­ly­gy mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­ly­dy­gy­ny nyg­tap, hä­zir­ki wagt­da Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň bü­tin­dün­ýä hep­de­li­gi­niň ge­çi­ril­ýän­di­gi se­bäp­li, ga­za­ny­lan ösü­şe ba­ha ber­mek we gel­jek­ki ädim­le­ri kes­git­le­mek üçin bu müm­kin­çi­lik­den peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di.Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ýur­du­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dyr. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, maş­ga­la dur­mu­şy­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça giň gerimli iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi wa­gyz et­mek we gol­da­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň ka­bul edil­me­gi döw­le­ti­mi­ziň ça­ga­ny di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek me­se­le­si­ne uly üns ber­ýän­di­gi­ni su­but ed­ýär. «Sag­dyn ene — sag­dyn ça­ga — sag­dyn gel­jek» di­ýen milli ýö­rel­gä la­ýyk­lyk­da, bu ugur­da giň ge­rim­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär.Ça­ga­nyň öm­rü­niň il­kin­ji al­ty aýyn­da ony di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­ýän ene­le­ri gol­da­ma­gy güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça milli çä­re­ler bu ta­gal­la­la­ryň mö­hüm bö­le­gi­dir. Ene süý­di bi­len iý­mit­len­di­ril­ýän ça­ga be­den we ru­hy taý­dan he­mi­şe ene­si­ne ýa­kyn bag­la­ny­şyk­da bol­ýar. Ol ene­si­niň ýü­rek ur­şu­ny, mä­hir­li se­si­ni eşid­ýär, el­le­ri­niň ýy­ly­sy­ny duý­ýar we ene­lik söý­gü­si bi­len gur­şal­ýar. Şeý­le ýa­kyn­lyk ça­ga­nyň nerw, en­dok­rin ul­gam­la­ry­nyň ýa­şy­na la­ýyk­lyk­da dog­ry ös­me­gi­ne, äh­li be­den ag­za­la­ry­nyň ka­da­ly ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

«Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­li­gi ta­lap ed­ýän öz­bo­luş­ly pro­ses­dir. Bu ýer­de biz sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň aý­ra­tyn or­nu­ny nygtamalydyrys. Ze­nan­lar göw­re­li wag­tyn­da, do­gum we do­gum­dan soň­ky dö­wür­de yzy­gi­der­li, ýo­ka­ry hil­li mas­la­hat­la­ry, amaly kö­me­gi al­ma­ly­dyr­lar. Il­kin­ji sag­ly­gy go­ra­ýyş-sa­ni­ta­ri­ýa kö­me­gi eda­ra­la­ry ene­le­re kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip geç­mä­ge, ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi üs­tün­lik­li ýo­la goý­ma­ga kö­mek et­mek­de esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Şeý­le hem bu ugur­da köp­çü­lik­le­ýin ta­gal­la­lar ze­rur­dyr. Mej­lis, döw­let eda­ra­la­ry, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri, işe­wür­ler, ra­ýat jem­gy­ýe­ti, jem­gy­ýet­çi­lik we ösüş bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lar — bu­la­ryň her bi­ri enä­niň ça­ga­ny iý­mit­len­dir­mek ba­ra­da dü­şün­je­li çöz­güt­le­ri ka­bul edip bil­jek we ze­rur gol­da­wy alyp bil­jek gur­şa­wy­ny dö­ret­mek­de öz or­nu­ny eýe­le­ýär. Ha­ky­kat­dan-da, ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mä­ge ma­ýa goý­mak mil­le­tiň gel­je­gi­ne ma­ýa goý­mak­dyr. Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ça­ga­la­ryň go­rag­ly­ly­gy­ny, iý­mit­len­me­gi­ni we ösü­şi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar, ene­le­riň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar, sag­ly­gy go­raý­şa çyk­da­jy­la­ry pe­seld­ýär, has sag­dyn we ön­dü­ri­ji­lik­li jem­gy­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gi­ne go­şant goş­ýar» di­ýip, Oguljahan Atabaýewa aýt­dy we di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ul­gam­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti ýer­li ene­le­ri çek­mek bi­len, «de­ňe-deň» ýö­rel­ge­si bo­ýun­ça mas­la­hat­la­ry gu­ra­ma­gy tek­lip edip, ola­ra ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li şe­pa­gat uýa­la­ry­nyň ýa-da lak­ta­si­ýa bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň sa­pak be­rip bil­jek­dik­le­ri­ni aýt­dy. Ol bu çe­me­leş­mä­niň kä­bir de­re­je­de eý­ýäm tej­ri­be­de ula­nyl­ýan­dy­gy­ny, ýö­ne mu­ny yzy­gi­der­li esas­da ýur­du­my­zyň her bir kün­je­gin­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň müm­kin­di­gi­ni bel­läp, mu­nuň üçin ta­gal­la et­me­giň ge­rek­di­gi­ni aýt­dy we bu işi do­ly amala aşy­ryp bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da has giň möç­ber­li mag­lu­mat çä­re­si­ni ýo­la goý­ma­gy tek­lip edip, mu­nuň maş­ga­la we jem­gy­ýet de­re­je­sin­de ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry ýaý­rat­mak­da, ýer­li işe­wür­li­gi em­dir­ýän ene­ler üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge hö­wes­len­dir­mek­de ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. “Şun­da ýe­ne-de berk erk-is­leg we işe yg­rar­ly­lyk ze­rur­dyr. Ge­liň, ça­ga­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da bi­le­lik­de iş­lä­liň, ol bol­sa enä­niň süý­di bi­len baş­lan­ýan­dyr!” di­ýip, Oguljahan Atabaýewa sö­zü­ni jem­le­di.Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Sýaosz­ýun Greýs Wan çuň ma­ny­ly çy­ky­şy üçin Oguljahan Atabaýewa ho­şal­lyk bil­di­rip, gaz­na­nyň alyp bar­ýan yn­san­per­wer işi­niň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.Türk­men ta­ra­py­nyň çy­kyş­la­ryn­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, mu­nuň her bir ça­ga­nyň do­ly de­re­je­li iý­mit­len­me­gi­niň, sag­dyn we saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti­di­gi bel­le­nil­di. Türk­me­nis­tan­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­si­ne döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak enä­niň, ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­la­ryň ha­ta­ry­na or­naş­dy­ry­lyp, maş­ga­la­la­ry gol­da­mak hem-de ola­ra ýo­ka­ry hil­li mas­la­hat­la­ry ber­mek üçin luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy do­wam et­di­ril­ýär.

Çy­kyş­lar­da ýur­du­myz­da Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da, hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak, maş­ga­la ins­ti­tu­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek me­se­le­le­ri­ne döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Türk­me­nis­tan­da ze­nan­la­ryň we ýaş maş­ga­la­la­ryň ara­syn­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek me­se­le­si bo­ýun­ça yzy­gi­der­li wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu iş­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na wa­jyp orun de­giş­li­dir.Çy­kyş­lar ta­mam­la­nan­dan soň­ra, di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi gol­da­mak ba­ra­da ani­ma­sion şe­kil­ler gör­ke­zil­di. On­da ene süý­dü­niň äh­mi­ýe­ti we peý­da­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­di. Soň­ra mas­la­hat mow­zuk­la­ýyn ses­si­ýa­lar bi­len do­wam et­di.«Türk­me­nis­tan­da ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek: subutnamalar we sel­jer­me» at­ly ses­si­ýa­da ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek ul­ga­myn­da ge­çi­ri­len sel­jer­me iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri ta­nyş­dy­ryl­dy hem-de maş­ga­la­la­ry gol­da­ma­gy güýç­len­dir­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe mas­la­hat­lar be­ýan edil­di.

«Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki me­dia tas­la­ma­sy­nyň ne­ti­je­le­ri» at­ly ses­si­ýa­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, ÝU­NI­SEF, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy, Ze­nan­lar bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de ge­çi­ri­len “Ene süý­di — iň go­wy baş­lan­gyç” çä­re­si­niň ne­ti­je­le­ri­ne üns be­ril­di. Mu­nuň özi ça­ga­ny il­kin­ji al­ty aý­da di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi ba­ra­da ha­bar­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.«Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­mek­de gol­daw hyz­mat­la­ry­ny ber­kit­mek» at­ly ses­si­ýa­da ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan peý­da­la­ry we bu ugur­da okuw maksatnamalarynyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­di.«Ka­nun­çy­lyk we sy­ýa­sat gur­şa­wy» at­ly ses­si­ýa­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da: «Maş­ga­la, ene­lik, ata­lyk we ça­ga­lyk döw­le­tiň go­ra­gyn­da dur­ýar» diý­lip bel­le­nil­ýän­di­gi­ne üns çe­kil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da ene-ata­nyň, ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ýan bir­nä­çe ka­nun­çy­lyk namalarynyň he­re­ket ed­ýän­di­gi aý­dyl­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi wa­gyz et­mek we gol­da­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Ka­nu­nyň esa­sy mak­sa­dy ene­le­riň ça­ga­la­ry ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni, onuň enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän oňyn tä­si­ri­ni wa­gyz et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň bir bi­te­wi hu­kuk esa­sy­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr.«In­di­ki ädim­ler» at­ly jem­leý­ji ses­si­ýa­da çy­kyş et­mek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň wi­se-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz be­ril­di. O.Atabaýewa du­şu­şy­gy jem­läp, di­ňe ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­gi iler­let­mek üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we bu ugur­da bi­le­lik­de he­re­ket et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, şu mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ne­ti­je­li pi­kir al­şy­lan­dy­gy­na ynam bil­dir­di.Gaz­na­nyň wi­se-prezidenti äh­li milli we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ra iş­jeň gat­na­şan­dyk­la­ry, bu me­se­lä üns be­ren­dik­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, hem­me­le­ri bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry do­wam et­dir­mä­ge we ça­ga­la­ryň röw­şen gel­je­gi­ne ma­ýa goý­ma­ga ça­gyr­dy.

Related posts

Bir çäýnege ýarym million dollar berdi

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini gowşurdy

“Newsweek” habarlar agentliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi