Şweýsariýanyň daşary işler ministri Inýasio Kassis 2026-njy ýylyň 3–5-nji awgusty aralygynda Azerbaýjanda we Türkmenistanda sapar bolar.
Şweýsariýanyň Federal daşary işler departamentiniň başlygy iki ýurduň häkimiýetleri bilen resmi gepleşikleri geçirer we olarda iki taraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berler. ÝHHG-niň (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy) döwürleýin başlygy hökmünde ol, häzirki geosyýasy şertlerde Şweýsariýanyň başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşar. Bu barada Şweýsariýanyň hökümet saýtlarynda ýaýradylan metbugat beýanatynda habar berilýär.
4-nji awgustda Kassis Bakuwda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşar. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Günorta Kawkazdaky ýagdaýa hem-de Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk tapgyrynyň ösüş ugurlary maslahatlaşylar.
5-nji awgustda Aşgabatda Kassis Türkmenistanyň Prezidenti we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşar. Maslahatlaşmalaryň gün tertibinde Şweýsariýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar, şeýle hem ÝHHG-niň Merkezi Aziýadaky eýeleýän orny bolar.
Saparyň çäklerinde ÝHHG-niň döwürleýin başlygy hökmünde ministr ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezine we bu merkeziň önümçilik hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna baryp görer.
Bu iki sapar Kassisiň 2026-njy ýylda sebit ýurtlaryna gurnajak saparlarynyň ilkinji tapgyry bolar. Güýzde Federal geňeşçi we ÝHHG-niň başlygy Ermenistana we Gruziýa hem sapar eder.
