DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Bütindünýä hökümetler sammiti Guramasynyň dolandyryjy direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Bütindünýä hökümetler sammiti Guramasynyň dolandyryjy direktory Mohamed Alşarhan bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Bütindünýä hökümetler sammitiniň üstünlikli geçirilendigini, oňa Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny, şeýle hem türkmen tarapynyň öňe süren we soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan başlangyçlary barada bellediler.

Şeýle hem taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri hem-de bitaraplyk, durnukly ösüş, ulag we özara baglanyşyk ugurlaryndaky mümkin bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet dolandyryşy babatda tejribe alyşmak boýunça 2023-nji ýyldaky Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegine, şeýle hem BAE-niň emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlaryndaky maksatnamalaryna türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagyna aýratyn üns berildi.

Related posts

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Şanhaýda geçirilen emeli aň boýunça maslahatda çykyş etdi

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 48-nji sessiýasyna gatnaşdy