JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystanda “Baku” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Gyrgyz Respublikasynda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň resmi däl Konsultatiw duşuşygyna gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yssyk-Kölüň kenarynda täze bäş ýyldyzly “Baku” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we maşgalasy Mehriban Aliýewa, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow we maşgalasy Aýgül Japarowa, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we maşgalasy Ziroathon Mirziýoýewa, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew hem-deTäjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy Ramin Guluzade döwlet Baştutanlaryna we olaryň maşgalalaryna Yssyk-Köl sebitiniň Gara-Oý obasynda gurlan myhmanhana barada maglumat berdi.

“Baku Resort & Spa” merkezi 2023-nji ýylda Bişkekde gol çekilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň arasyndaky Yssyk-Kölüň kenarynda bäş ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygyna maýa goýumlary baradaky Ylalaşygyň çäklerinde gurlandygy bellenildi.

Umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan myhmanhana binagärligi, medeniýeti, sungaty, gastronomiýany, saglygy we dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrýan özboluşly giňişlik hökmünde döredildi.

Toplum 111 otagdan we 10 kottejden ybarat bolup, 330 myhmany kabul edip bilýär. Ilki bilen myhmanhanada 255 adam iş bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär, olaryň käbiri Azerbaýjan raýatlary bolar.

Saglyk we dynç alyş myhmanhananyň konsepsiýasynyň esasy bölekleridir. Myhmanlar ýylyň dowamynda dynç almak üçin içerki we açyk howuzlardan, suw seýilgähinden we kenardan peýdalanyp bilerler.

Gastronomiýa myhmanhananyň işiniň aýrylmaz bölegi bolup, azerbaýjan aşpezlik däpleriniň baýlygyny görkezýär. Myhmanhananyň dürli restoranlarynda milli tagamlar, şol sanda däp bolan azerbaýjan ertirlik naharlary hödürlener.

Her ýaşdaky myhmanlar üçin gyzykly dynç alyş mümkinçiliklerini döretmek maksady bilen, dynç alyş merkezinde dürli desgalar, şol sanda bouling we beýleki dynç alyş oýunlary, kinoteatr we dürli sport görnüşleri üçin köpugurly açyk sport meýdançasy bar.

Myhmanhana halkara maslahatlary, korporatiw duşuşyklary, işewürlik we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin döwrebap mümkinçilikler hödürleýär.

Related posts

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

vepa

Aýdymçy Luis Eduardo Aute aradan çykdy

Ata Watan Eserleri