SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

30-njy Iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Günüň başynda käbir işler meýilleşdirşiňiz ýaly bolmasa-da, ruhdan düşmersiňiz. Ýüze çykan ýagdaýdan peýda tapmaga çalşarsyňyz we bu size kyn düşmez. Başarnygyňyz hem-de sowukganly hereket etmegiňiz köp meseläni üstünlikli çözmäge ýardam eder.
Bu gün Hamal ýyldyzynyň astynda doglanlaryň köpüsiniň döredijilik ukyby has-da güýçlener. Täze we täsirli pikirler dörär. Başgalar sizi gaýtalamaga synanyşsalar-da, siziň gazanjak netijäňizi gaýtalap bilmezler. Emma siziň maslahatlaryňyza gulak asan adamlar öz işlerinde üstünlik gazanarlar.Günüň ilkinji ýarymy çylşyrymly meseleleri seljermek, öňki tejribeleri öwrenmek we dogry netijeleri çykarmak üçin örän amatly bolar. Okuw bilen meşgullanýanlar üstünlik gazanarlar, synaglara taýýarlyk görmek ýa-da olary üstünlikli tabşyrmak mümkin bolar. Günüň ahyrynda esasan-da iş bilen baglanyşykly käbir dartgynly ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Maliýe, hasapçylyk ýa-da audit ugrunda işleýänler aýratyn ünsli bolmalydyrlar. Ujypsyzja ýalňyşlyk hem islenilmeýän netijelere getirip biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün işde üstünlik gazanmak, şahsy gatnaşyklaryňyzy gowulandyrmak we uly umyt baglaýan meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin örän amatlydyr. Başlangyç etmäge taýýar bolan Sowurlar üçin mümkinçilikler köpelýär.Ýagdaýlar bu gün siziň peýdaňyza ösýär. Uly taslamalara batyrgaý girişip bilersiňiz. Ilkibada goldaw bolmasa-da, alada etmäň. Hatda iş bilen baglanyşykly möhüm meseleleri hem ýeňil söhbetdeşlik görnüşinde ara alyp maslahatlaşmak mümkin. Täze we peýdaly tanyşlyklaryň döremegi ähtimal. Käbir Sowurlar täsirli adamlar bilen duşuşyp, olaryň goldawyny gazanyp bilerler.Käbir wekillere girdejini artdyrjak teklipler gelip biler. Bu aýratyn-da öz işini ösdürmek üçin maliýe çeşmesini gözleýän telekeçiler üçin amatly döwürdir.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bügün siziň üçin täze pikirleriň we gyzykly duşuşyklaryň güni bolar. Pikirlenşiňiz örän çalt we durnukly bolar, bu bolsa çet meseleleri ýeňillik bilen çözmäge mümkinçilik berer. Täze maglumatlary özleşdirmek we möhüm aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly pursat. Şeýle hem, daş-töweregiňizdikiler siziň pikiriňize uly hoşamallyk bilen diňlärler.Şeýle hem täze taslamalara başlamak ýa-da möhüm gepleşikleri geçirmek üçin şowly gün. Emma bir wagtyň özünde köp işe baş goşman, ünsüňizi iň esasy zada gönükdirmäge çalşyň.Günüň ikinji ýarymynda maliýe taýdan durnuklylyk saklanýar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň başynda duýgularyňyzy dolandyrmak ýeňil bolmaz. Muňa daşky wakalardan has köp, ruhy ýagdaýyňyzdaky durnuksyzlyk sebäp bolar. Şonuň üçin hatda ownuk hadysalar ýa-da töweregiňizdäkileriň sözleri hem göwnüňize degip biler.Öý bilen bagly käbir meseleler ýüze çykmagy mümkin. Ilkibada olar çylşyrymly ýaly görünse-de, az salymdan olary çözmegiň aňsatdygy belli bolar. Günüň ilkinji ýarymynda täze tanyşlyklarda hem seresap boluň. Bu döwürde töweregiňizdäki adamlaryň täsirine adatdakydan has köp düşmegiňiz mümkin.

Günüň ikinji ýarymy bolsa has şowly geçer. Esasy zat ýagdaý gowulaşýança umytdan düşmezlikdir. Wagtyň geçmegi bilen oňyn ýagdaýlaryň täsiri güýçlener. Möhüm işleri we gepleşikleri günortadan soň geçirmek maslahat berilýär. Bu döwürde hem iş, hem şahsy durmuş bilen bagly duşuşyklar üstünlikli bolar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün adamlar bilen aragatnaşyk gurmak aýratyn ýeňil bolar. Köp adamy ýarym sözden düşüner, olaryň hem sizi aňsatlyk bilen kabul etmegine şaýat bolarsyňyz. Gün hem iş hem şahsy durmuşdaky gepleşikler üçin örän amatlydyr. Kimdir biri bilen gatnaşygy gowulandyrmak isleýän bolsaňyz, muny bu gün etmäge synanyşyň.Size kimdir biriniň goldawy gerek bolsa ona uzak garaşmaly bolmarsyňyz. Şeýle hem işewürlik ýa-da hünär durmuşy bilen bagly möhüm kararlary kabul etmek üçin hem örän amatly gündür. Iş ýeriňizi ýa-da hünäriňizi üýtgetmek hakynda pikir edýän bolsaňyz, ilkinji ädimleri şu gün ädip bilersiňiz. Käbir Esetlere örän özüne çekiji iş teklibi gelip biler.Günüň ikinji ýarymynda öý işleri bilen bagly ownuk kynçylyklar ýüze çykmagy mümkin.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün tutanýerliligiňiz üstünlikleriňiziň esasy açary bolar. Sabyrly we yzygiderli hereket etmegiň netijesinde möhüm işleriň köpüsini üstünlikli tamamlarsyňyz. Şeýle hem gyzyklanmalaryňyza ýakyn adamlary tanamak we olaryň tejribesinden peýdalanmak mümkinçiligi dörär. Maslahat soramakdan ýa-da bilmeýän zadyňyzy boýun almakdan çekinmäň. Size duşjak adamlar bilimini we tejribesini paýlaşmaga taýýar bolarlar.Gün iş berijiler ýa-da hyzmatdaşlar bilen duşuşyk geçirmek üçin hem örän amatlydyr. Günüň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklarda hem başlangyç görkezmek üçin amatly pursatlar dörär.Kimdir biri bilen düşünişmezlik bolan bolsa, ilkinji ädimi özüňiz ädip bilersiňiz. Günüň ahyrynda özüňizi biraz ýadaw duýmagyňyz mümkin. Şonuň üçin agşam üçin aşa köp iş meýilleşdirmäň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Günüň ilkinji sagatlarynda käbir kynçylyklar ýüze çykmagy mümkin. Emma bu ýagdaý uzak dowam etmez. Tiz wagtdan oňaýsyz täsirler azalyp, günüňiz üstünlikli we netijeli geçer. Täze pikirleri durmuşa geçirmek, adaty bolmadyk meseleleriň çözgüdini tapmak üçin amatly mümkinçilikler açylar. Iş ýerindäki gatnaşyklar hem gowulaşar. Ozal kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen düşünişmezlik bolan bolsa, bu gün umumy pikire gelmek we hyzmatdaşlygy berkitmek ýeňilleşer.Şahsy durmuşda hem oňyn özgerişler garaşýar. Ýakynlaryňyz bilen düşünişmek aňsat bolar. Öň jedel döredýän meseleleriň çözgüdini tapyp, hemmäni kanagatlandyrjak netijä gelmegiňiz mümkin.Agşam bolsa aşyklar üçin aýratyn ýakymly geçer. Söýgüliňiz bilen romantik duşuşyk guramak ýa-da göwnüňizdäki adama duýgularyňyzy beýan etmek üçin amatly pursatdyr.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Günüň başynda oňyn keýpi saklamak birneme kyn düşer. Garaşylmadyk ýagdaýlar meýilnamalaryňyzy üýtgedip, käbir işleriňizi yza süýşürmäge mejbur edip biler.
Käbir Akraplar töweregindäkileriň öz pikirlerine üns bermeýändigine ýa-da başlangyçlaryny goldamaýandygyna gynanyp bilerler. Goldawa bil baglanlar bolsa lapykeçlige duçar bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda ruhdan düşmegiň ýerine, öz güýjüňize bil baglap hereket etmek has dogry bolar.Günüň ikinji ýarymy bolsa düýbünden başgaça geçer. Oňyn ýagdaýlar güýçlenip, durmuşyň ähli ugurlarynda üstünlik gazanmaga mümkinçilik döreder. Irden ýüze çykan düşünişmezlikleri aradan aýyrmak, jedelleri çözmek we ýalňyşlyklary düzetmek aňsat bolar. Maliýe meselelerinde hem ýagdaý gowulaşar. Käbir Kowuslar täze girdeji çeşmesini taparlar beýlekilere bolsa öňki bergileriniň yzyna gaýtarylmagy mümkin.Şeýle hem günüň ikinji ýarymy täze pikirlere baý bolar. Bu pikirler diňe bir işde däl, eýsem şahsy durmuşyňyzda hem täze mümkinçilikleriň gapysyny açar. Näme isleýändigiňize aýdyň göz ýetirip, maksatlaryňyza ýetmegiň anyk ýoluny kesgitläp bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün ownuk kynçylyklar ýüze çyksa-da olary ýeke özüňiz çözmeli bolmarsyňyz. Daşyňyzda size goldaw bermäge aladalaryňyzyň bir bölegini öz üstüne almaga taýýar adamlar bolar. Täze pikirleriňizi paýlaşsaňyz olar köpçüligiň goldawyna eýe bolar. Şeýle hem göwnüňize ýakjak gyzykly teklipleriň gelmegi ähtimal. Eger pikirdeşleriňizden topar döretmek isleýän bolsaňyz, hut şu gün işe girişmegiň wagtydyr. Meýilnamalaryňyzy amala aşyrmaga isleg bildirýän adamlaryň köpdügine göz ýetirersiňiz. Günüň ikinji ýarymy iş we amaly meseleler üçin örän netijeli bolar. Maksadyňyzy aýdyň görersiňiz we oňa ýetmegiň dogry ýoluny kesgitläp bilersiňiz. Hut şonuň netijesinde köp ugurda öňegidişlik gazanarsyňyz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün käbir synaglary getirip biler, ýöne ony şowsuz diýip hasaplamaga esas ýok. Işe çynlakaý çemeleşiň we ilkinji synanyşykda hemme zadyň başa barmajakdygyna taýýar boluň. Üstünlik gazanmak üçin tutanýerlilik we öz içki duýgyňyza ynanmak möhüm bolar. Günüň ilkinji ýarymy çylşyrymly meseleleri çözmek üçin örän amatlydyr. Siz wakalara başgalaryň görmeýän tarapyndan seredip bilersiňiz. Hut şol aýratynlyk size beýlekileriň bir ýerde durup galýan wagty öňe ynamly ädim ätmäge mümkinçilik berer. Käbir töwekgelçilikler ýüze çyksa-da maksadyňyza tarap ynamly hereket edersiňiz.
Günüň ikinji ýarymy birneme has köp aladaly geçer. Dynç almak we rahat wagt geçirmek isleseňiz-de täze borçlar peýda bolar. Olar iş bilen hem öý meseleleri bilen hem baglanyşykly bolup biler.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu gün käbir kynçylyklary getirip biler, emma ýagdaýdan ruhdan düşmegiň hajaty ýok. Işe jogapkärçilik bilen çemeleşiň sabyrly boluň we ilkinji päsgelçiliklerde yza çekilmäň. Içki duýgyňyz size dogry ýoly görkezer. Başgalaryň esassyz tankytlaryna üns bermeseňiz, üstünlik gazanmak aňsat bolar.Günüň ilkinji ýarymy çylşyrymly meseleleriň çözgüdini tapmak üçin örän amatlydyr. Siz köp zada özboluşly garaýyş bilen çemeleşersiňiz. Şonuň üçin beýlekileriň çözüp bilmeýän meselelerini üstünlikli ýerine ýetirip bilersiňiz. Käbir töwekgelçilikler we kynçylyklar ýüze çyksa-da, maksadyňyzdan dänmezsiňiz we öňe ynamly ädim ätmegi dowam etdirersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda täze borçlar we garaşylmadyk işler ýüze çykyp biler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Möhüm işleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bu gün has köp zähmet çekmeli bolarsyňyz. Ýagdaýlar umuman oňaýly bolsa-da, hiç zat öz-özünden amala aşmaz. Wagtynda başlangyç görkezmek, dogry karar kabul etmek we tutanýerlilik üstünlikleriňiziň esasy şerti bolar.
Käbir işleriň gijikmegi ähtimal. Munuň sebäbi köplenç ýardamçylaryňyzyň ýa-da hyzmatdaşlaryňyzyň goýberen ýalňyşlyklary bolar. Şonuň üçin olaryň kemçiliklerini düzetmeli ýa-da özüňiz ýerine ýetirmek islemeýän işleri ýerine ýetirmeli bolarsyňyz. Şeýle ýagdaýlar göwnüňizi sowup biler. Şeýle-de bolsa, sabyrly bolup, oňyn garaýyş saklasaňyz, ýagdaýyň tiz wagtda gowulaşýandygyny görersiňiz. Şeýle hem pikirleriňizi durmuşa geçirmäge kömek edip biljek adamlar bilen duşuşmak mümkinçiligi dörär. Şol pursatdan ýerlikli peýdalanmak, pikirleriňizi ynamly we düşnükli beýan etmek möhümdir. Şeýle edeniňizde gowy netijeler gazanarsyňyz.

Related posts

09-njy Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

5-nji iýunda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

20-nji Aprelde ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama