Azerbaýjan bilen Türkmenistan söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy maslahatlaşdylar. Bu barada “Report” agentligi Azerbaýjanyň Eksporty we maýa goýumlary goldamak agentligine (AZPROMO) salgylanyp habar berýär.
Golaýda Türkmenistanyň paýtagty aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Şol mejlisiň çäklerinde wekiliýetiň düzümindäki AZPROMO-nyň ýerine ýetiriji direktory Ýusif Abdullaýew Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň başlygy Ýusup Gylyçdurdyýew bilen duşuşdy.
Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça söwda wekili Samed Gasanowyň gatnaşmagynda geçen duşuşykda taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, önümleriň özara eksportynyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek we işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda ýakyn wagtda türkmen telekeçileriniň Azerbaýjana işewürlik saparyny guramagyň, şeýle hem onuň çäklerinde eksport mümkinçiligi bolan türkmen önümleriniň sergisini geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Mundan başga-da, taraplar şu ýylyň ahyryna çenli Azerbaýjan-Türkmenistan işewürlik geňeşini döretmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
