Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, ony ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Bu barada Russiýanyň Lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi.
«Bu söhbetdeşlik 1 sagat 25 minut dowam etdi» diýip, Uşakow takyk maglumat berdi.
«Russiýa tarapy mundan ozalky — 14-nji iýunda, Donald Trampyň 80 ýaşynyň doglan günündäki telefon arkaly söhbetdeşligiň başlangyjyny öz üstüne alypdy. Bu gezek bolsa hut ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllyk baýramçylygy gününde söhbetdeşlik geçirmek teklibi bilen amerikan tarapyndan boldy» diýip, ol aýtdy.
«Iki döwlet Baştutanynyň şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi Prezident Wladimir Putiniň Donald Trampy we bütin amerikan halkyny bu şanly baýramçylyk bilen gutlamagy bilen başlandy» diýip, Uşakow belledi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.
Putin Trampa onuň Russiýa sapar etmek barada hereket edýän çakylygynyň bardygyny ýatlatdy.
Russiýanyň we ABŞ-nyň liderleriniň arasyndaky bu telefon arkaly söhbetdeşlik olaryň öňki gepleşiginden bary-ýogy 20 gün geçenden soň boldy.
Şu gezekki telefon söhbetdeşligi Trampyň 2025-nji ýylda Ak Tama dolanyp geleninden bäri taraplaryň arasyndaky 14-nji, 2026-njy ýyldaky 4-nji telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
