Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Lukaşenko gutlagynda Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardydygy belledi.
Gutlag hatynda şeýle diýilýär:
– Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda ýeten sepgitleri, Bitaraplyk hukuk derejesi we halkara giňişlikdäki belent abraýy Siziň ýurduňyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen köpýyllyk döredijilikli işiňiziň netijesidir.
Biz Belarusda dostlarymyzyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarys we dostlukly Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardyrys.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür, şeýle hem türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
