MEDENIÝET

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda bellenildi.

Wise-premýer, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentini hem-de türkmen halkynyň Milli Liderini ýurtda giňden bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Soňra wise-premýer Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda resminamanyň taslamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, medeniýet pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda resminama gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2027-nji ýylyň 22 – 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi hem-de hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we türkmen halkyny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Related posts

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy

Ata Watan Eserleri

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

Türkmen kinolary halkara Turan kinofestiwalynda görkezildi