SPORT

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Germaniýanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyrynyň oýnunda Kot-d’Iwuaryň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Torontoda geçirildi.

Germaniýanyň ýygyndysynyň düzüminde gollary Deniz Undaw (68-nji we 90+4-nji minutlar) geçirdi. Kot-d’iwuarlylardan Frank Kessýe (30-njy minutda) tapawutlandy. Birinji ýarymda eminler nemesleriň düzgün bozulmalary bilen geçirilen iki goluny hasaba almadylar.

Germaniýanyň ýygyndysy 6 utuk toplap, E toparynda ýeke-täk lider boldy we dünýä çempionatynyň pleý-offyna çykmagy özüne kepillendirdi.

Nemesler 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek toparçlaýyn tapgyrdan geçmegi başardylar, şol ýaryşyň netijeleri boýunça Germaniýanyň ýygyndysy dördünji gezek dünýä çempiony bolupdy.

2018-nji we 2022-nji ýyllaryň ýaryşlarynda nemes futbolçylary toparçalaýyn tapgyrdan geçip bilmediler.

Germaniýanyň topary pleý-offa gatnaşmagyny üpjün eden üçünji topar boldy, mundan ozal muny ABŞ-nyň we Meksikanyň ýygyndylary başarypdy, nemesleriň 1/16 finaldaky garşydaşy soň belli bolar.

Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy 3 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Şeýle hem E toparynda Ekwadoryň we Kýurasaonyň ýygyndylary çykyş edýärler . Toparlaýyn tapgyryň jemleýji tapgyrynda nemesler 25-nji iýunda Ekwadoryň ýygyndysy bilen oýnarlar, Kot-d’Iwuaryň topary bolsa şol wagt Kýurasaonyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy