DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Bakuda Yslam Ösüş Bankynyň ýyllyk mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Yslam Ösüş Bankynyň 2026-njy ýyldaky ýyllyk mejlisine gatnaşdy. Şol mejlisiň çäklerinde türkmen wekiliýeti  Yslam Ösüş Bankynyň Prezidenti Muhammad Al Jasser bilen duşuşdy. Bu barada bankyň jemgyýetçilik torunda habar berildi.

Yslam ösüş banky (YÖB) şu güne çenli Türkmenistanda amala aşyrylan 30 taslama üçin jemi 1,38 milliard ABŞ dollary möçberinde maliýe goldawyny berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek, söwdany maliýeleşdirmek we Türkmenistanyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatlaryny goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Yslam Ösüş Bankynyň ýyllyk mejlisi döwletleriň, halkara maliýe guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemläp, durnukly ösüş, maýa goýumlar we sebit hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan meýdançasy bolup hyzmat edýär.

Related posts

Putin Koreýanyň Liderine “Aurus” awtoulagyny sowgat berdi

Gazagystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň garry är-aýaly nika toýunyň 80 ýyllygyny belledi

vepa