SPORT

Özbegistanyň ýygyndysy ilkinji duşuşykda Kolumbiýadan ýeňildi

Özbegistanyň milli futbol ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Futbol boýunça Dünýä çempionatynda çykyş etdi. Toparçalaýyn tapgyryň çäginde Kolumbiýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşyk günorta amerikaly futbolçylaryň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ilkinji pökgini 40-njy minutda kolumbiýaly goragçy Daniýel Muñoz uzakdan gelen pasy üstünlikli tamamlap geçirdi.

Ikinji ýarymda Özbegistan hasaby deňlemegi başardy. 60-njy minutda Abbosbek Faýzullaýew ilkinji bolup yzyna gaýdan pökgä ýetişip, ony garşydaşyň derwezesine gönükdirdi. Bu gol taryhy waka boldy — Faýzullaýew Özbegistanyň ýygyndysynyň Dünýä çempionatlaryndaky ilkinji golunyň awtory boldy.

Emma bary-ýogy bäş minutdan soň kolumbiýalylar ýene öňe saýlandy. Luis Dias meýdançanyň merkezindäki ýalňyşlykdan peýdalanyp, hüjümi üstünlikli tamamlady.

Soňky hasap goşmaça wagtda kesgitlenildi. 90+9-njy minutda ätiýaçdan oýna giren Haminton Kampos Özbegistanyň derwezesine üçünji pökgüni geçirdi.

Ýeňlişe garamazdan, Özbegistanyň ýygyndysy milli futbolyň taryhynda täze sahypa açdy. Topar Dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edip, çempionatdaky ilkinji goluny geçirmegi başardy.

Toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşygynda Özbegistan Portugaliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 23-nji iýunda geçiriler.

Ýene-de okaň

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy

Meksika ilkinji bolup, 1/16 tapgyryna çykdy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy

Ronaldo netijeli oýun görkezmese-de, rekord goýdy