JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

– Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşinde, halkara abraýyny berkitmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikler gazandy – diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlag hatynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormak hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn strategik hem-de giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bileleikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna, iki ýurduň halklarynyň bähbidine täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyn bolsa, parahatçylyk, abadanylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Related posts

Gadymy Rim syrlaryny açýar

vepa

Putinden milli Liderimize Täze ýyl gutlagy

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri