Amerikaly telekeçi Ilon Mask “SpaceX” kompaniýasynyň paýnamalarynyň IPO arkaly birža çykarylmagy netijesinde taryhda ilkinji trillioner boldy. Bu barada Britaniýanyň “Reuters” agentligi maglumat berdi.
Maglumata görä, kompaniýa ozal IPO-nyň çäklerinde rekord derejede — 75 milliard ABŞ dollaryny çekjekdigini mälim edipdi.
“Häzirki wagtda Maskyň baýlygynyň esasy bölegi “SpaceX” kompaniýasy bilen bagly bolup, onuň bu kompaniýadaky paýy takmynan 866 milliard ABŞ dollary diýlip bahalandyrylýar. “Tesla” we beýleki aktiwleri bilen bilelikde onuň umumy baýlygy anna güni söwdanyň başlanýan pursadynda 1,1 trillion ABŞ dollaryndan geçer. Bu maglumatlar “Forbes” bilen “Reuters” tarapyndan kompaniýanyň resminamalary esasynda geçirilen hasaplamalara daýanýar” diýlip neşirde bellenilýär.
“SpaceX”-iň gymmatly kagyzlary 12-nji iýundan başlap “Nasdaq” elektron biržasynda “SPCX” belgisi bilen söwda bazaryna çykarylar.
