DÜNÝÄ

Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Denizli şäheriniň Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda yglan edilmegine bagyşlanan ylmy maslahat gurady.

Çärä Pamukkale uniwersitetiniň rektory professor, doktor Mahmut Güngör, Türkiýe Respublikasynyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada maglumat berildi. Bu şygaryň ýurduň garaşsyzlyk, hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny şöhlelendirýändigi nygtaldy.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan halkara başlangyçlaryny, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýet ulgamlarynda türkmen-türk gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol bir günde Denizli şäherinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda yglan edilmegine bagyşlanan fotosurat sergisi açyldy.

Mundan başga-da, Denizlidäki çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew Denizli welaýatynyň häkimi Ýawuz Selim Köşger, şäher häkimliginiň başlygy Bülent Nuri Çawuşogly we Pamukkale uniwersitetiniň rektory Mahmut Güngör bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda bilim, medeni-ynsanperwer we söwda-ykdysady ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini dikeltmek işi dowam edýär

Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Garaşsyzlyk gününiň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan Pekinde geçirilen Adam hukuklary ýokary derejeli foruma gatnaşdy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ýaponiýada saparda boldy