“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ylymlar güni mynasybetli 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň 22 döwletinden jemi 50 sany dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň tanymal alymlary, ylmy işgärler, edara-kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şolaryň hatarynda, Yaponiýa, Belarusiýa, Koreýa, Malaýziýa, Türkiýe, Wengriýa, Awstraliýa, Hytaý, Katar, Şwesiýa, Finlandiýa, Awstriýa, Özbegistan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Indoneziýa, Russiýa we beýlekiler bar.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny ýola goýmakda innowasiýalaryň ähmiýetli orny ýaly meseleler girizildi.
Şeýle hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, ylmy netijeliligi gazanmak maksady bilen maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn Ähtnamalara gol çekmek dabarasy geçirildi:
1) «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga»;
2) «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Şanhaý ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;
3) «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Katar Döwletindäki Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;
4) «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň «METABIO Biotechnology» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»;
5) «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Çaňan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama».
