DÜNÝÄ

Özbegistan-Gazagystan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça «ýol kartasyna» gol çekildi

Astana bolan iş saparynyň meýilnamasynyň çäklerinde, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň gatnaşmagynda maýa goýum we söwda ulgamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça Amaly çäreleriň meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.

«Ýol kartasy» awtomobil gurluşygy, energetika, himiýa senagaty, metallurgiýa, farmasewtika, logistika, gurluşyk materiallary, ýaşaýyş jaý gurluşygy, oba hojalygy we beýleki pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Resminama iki döwletiň Baştutanlarynyň şu ýylyň aprel-maý aýlarynda Buhara we Türkistan şäherlerinde geçiren duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Related posts

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky tagallalaryny goldaýar

Ilkinji zenan maliýe ministri

Türkmen-hytaý işewürler forumyny yzygiderli geçirmäge gyzyklanma döredi