Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Ahmed Al-Attar bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy söwda we ykdysady ulgamda ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toparyna garamak göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy sözüniň başynda jenap Jassim Mohammed Ahmed Al-Attary täze bellenen wezipesi we 2026-njy ýylyň mart aýynda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasynyň Aşgabat şäherinde resmi taýdan öz işine başlamagy bilen gutlap, uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşykda taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine seretdiler.
Taraplar sergilerde we forumlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berip, söwda ulgamynda iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
TSSE-niň ýolbaşçysy myhmana sag bolsun aýdyp, yrak tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge mydama taýýardyklary barada belledi. Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili iň gowy arzuwlaryň üsti bilen türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.
