DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýew bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen berkitmäge we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga mümkinçilik döredýändigi barada nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýulmak, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, birek-biregiň çärelerine wekilleriň gatnaşmagy, wekiliýetleriň saparlaryny guralmak hem-de duşuşyklary geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýewi ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul edildi