DÜNÝÄ

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri, aýratyn-da ýurduň BSG-a goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem halkara guramalar we degişli edaralar bilen özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktorynyň Aşgabat şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň BSG-a agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň wekilleri bilen duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Saud Arabystany Ýakyn Gündogarda milliardlarça agaç ekmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň işine gatnaşýar

Irfan Ali: ýakyn wagtda Aşgabatda “UN-Habitat” edarasy açylyp biler

WUF13:Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Hytaý” içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli ýagyş taslamasyny ilkinji bolup başlatdy