Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün Hamallar üçin täze mümkinçilikler güni bolar. Siz öňe gitmek we özüňizi görkezmek isleýärsiňiz. Işde ýa-da okuwda başarnygyňyz ünsden düşmez. Ýakynlaryňyz bilen düşünişmek ýeňil bolar. Emma ownuk jedellerde gyssanyp jogap bermäň. Agşam dynç almak size güýç berer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowalar bu gün sabyrly bolsa köp zady gazanyp bilerler. Maliýe meselelerinde seresaply bolmak maslahat berilýär. Täze pikirler size peýda getirer. Ýakyn dostuňyzdan gowy habar alyp bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda özüňize wagt tapyň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün Jöwzalar üçin hereketli we gyzykly geçer. Köp duşuşyklar we gürrüňdeşlikler bolar. Siz öz pikiriňizi ynamly aýdyp bilersiňiz. Täze tanyşlyklar geljekde peýdaly bolup biler. Günüň dowamynda energiýaňyz ýokary bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlar bu gün öý we maşgala meselelerine has köp üns bererler. Ýakynlaryňyzyň goldawy size ruhy rahatlyk berer. Köne meseleleri çözmek üçin amatly pursat. Maliýe taýdan uly töwekgelçiliklerden gaça duruň. Agşam ýakymly habar eşitmegiňiz mümkin.
 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler bu gün özlerini güýçli we ynamly duýarlar. Başlanan işleri üstünlikli tamamlap bilersiňiz. Daş-töweregiňizdäkiler maslahatlaryňyza gulak asarlar. Söýgi gatnaşyklarynda ýyly pursatlar köp bolar. Günüň dowamynda keýpiňiz ýokary saklanar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbüleler üçin bu gün tertip-düzgün aýratyn möhümdir. Siz möhüm işleri wagtynda ýerine ýetirip bilersiňiz. Işde täze mümkinçilikler açylmagy mümkin. Saglygyňyza üns beriň we aşa ýadamaň. Agşam rahatlyk size gowy täsir eder.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün Mizanlar üçin üstünlikli gepleşikler güni bolar. Siz adamlary aňsatlyk bilen özüňize çekip bilersiňiz. Döredijilik bilen bagly işler aýratyn gowy netije berer. Ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek keýpiňizi göterer. Maliýe meselelerinde oňyn üýtgeşmeler bolup biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Akraplar bu gün duýgularyna gözegçilik etmeli bolarlar. Käbir ýagdaýlar sizi tolgunandyryp biler. Şeýle-de bolsa, paýhasly hereket etseňiz ähli zat gowy bolar. Täze meýilnamalar üçin gowy gün. Agşam özüňizi rahat duýarsyňyz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 

Kowuslar  üçin bu gün täze täsirler we gyzykly wakalar bilen geçer. Syýahat ýa-da täze başlangyç barada pikir edip bilersiňiz. Dostlaryňyz bilen gürrüňdeşlik size ylham berer. Maliýe taýdan üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokary derejede bolar. Günüň dowamynda işjeň boluň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler bu gün möhüm kararlary kabul edip bilerler. Siz öňden bäri garaşýan işleriňizi herekete geçirersiňiz. Işde ýolbaşçylaryň ünsüni çekmegiňiz mümkin. Maşgala goldawy size güýç berer. Agşam dynç almak peýdaly bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Daluwlar üçin bu gün döredijilikli pikirler köp bolar. Täze taslamalara başlamak üçin amatly pursat. Ýakyn dostlaryňyz bilen gyzykly söhbetdeşlikler bolar. Käbir garaşylmadyk täzelikler keýpiňizi göterer. Günüň ahyrynda özüňizi rahat duýarsyňyz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar bu gün duýgur we romantik keýpde bolarlar. Söýgi we dostluk gatnaşyklarynda ýylylyk artar. Siz köp meselede dogry çözgüt tapyp bilersiňiz. Maliýe meselelerinde howlukmaç kararlardan saklanyň. Agşam ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek size ýakymly bolar.