Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
 Bu gün siz  gowy netijeleri gazanyp bilersiňiz. Köp Hamallar öň alan tejribelerinden peýdalanarlar. Hut şol tejribe olara maksada ýetmegiň iň gysga ýoluny tapmaga we ownuk zatlara wagt hem-de güýç sarp etmezlige kömek eder.Daş-töwerekdäkiler bilen gatnaşyklarda oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Köne we täze tanyşlaryň sizden nämä garaşýandygy düşnükli bolar, olaryň goldawyny gazanmak üçin näme etmelidigiňize düşünersiňiz. Maşgala düşünişmezlikleriniň köpüsini çözmek başardar. Eger öň garyndaşlar bilen pul ýa-da umumy emläk barada gürrüňler gyzgyn jedeller bilen tamamlanan bolsa, bu gün hemmäni kanagatlandyrjak çözgüt tapmak mümkin bolar
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Möhüm bir işi meýilleşdiren bolsaňyz, ünsli boluň. Işler näçe çylşyrymly we jogapkärçilikli bolsa  bir zadyň nädogry gitmek ýa-da ownuk bir ýalňyşyň ähli meýilnamalaryňyzy bozmak ähtimallygy şonça-da ýokary bolar. Ýöne aşa aladalanmagyň zerurlygy ýok sebäbi tejribäňiz we paýhasyňyz ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder.Başga adamlaryň gatnaşmagyny talap edýän işleri meýilleşdirýän bolsaňyz, ýaranlary üns bilen saýlaň. Täze tanyşlar barada ilkinji täsire doly ynanmak bolmaz aýratyn-da olar size aşa ýaranjak bolýan ýaly görünse. Maliýe ýa-da gymmatly emläk barada gürrüň gidende diňe özüňize bil baglaň.Günüň başy gatnaşyklarda birneme kyn bolup biler. Hatda ýakyn adamlaryňyz hem sizi nädogry düşünip ýa-da tankydy bellikleri bilen göwnüňizi agyrdyp bilerler. Emma soňrak adamlary bilen düşünişmek has aňsat bolar. Ozal sowuk garaýanlar özleri ilkinji bolup aragatnaşyk gurarlar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Soňky döwürde sizi hem-de ýakynlaryňyzy aladalandyran meseleleri çözmek üçin amatly gün geldi. Häzir ýyldyzlar siziň tarapyňyzda, şonuň üçin möhüm maksatlara ýetmek ýa-da uly umyt baglan meýilnamalaryňyzy amala aşyrmak mümkin bolar. Bu ýerde ýaranlaryň we kömekçileriň roly uly bolar. Olary ünsli saýlaň we size kömek eden adamlary nähili sylaglajakdygyňyzy öňünden pikirleniň.
Soňky wagtlarda diňe gündelik işler bilen meşgullanyp, biraz ýadawlyk duýan Jöwzalaryň has gyzykly bir zada ünsüni sowmaga mümkinçiligi bolar. Täze we ajaýyp pikirler peýda bolup biler. Ýakyn adamlaryňyzdan biri gyzykly meýilnama bilen çykyş edip biler, siz hem höwes bilen onuň amala aşmagyna goşularsyňyz. Köp wagt öň alnan bilimleriňiz bu gün size  peýdaly bolar. Olar size çynlakaý ýalňyşlyklardan gaça durmaga hem-de başgalara kömek etmäge mümkinçilik berer.Günüň ikinji ýarymy gatnaşyklarda aýratyn amatly bolar. Köp Jöwzalary bu wagtda keýpini göterjek duşuşyklar garaşýar. Romantiki duýgular hem ýüze çykyp biler. Täze gatnaşyklar, eger siz isleseňiz  örän çalt ösüp biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bir zat ilkinji synanyşykda isleýşiňiz  ýaly bolmasa, ruhdan düşmäň. Bu gün  ýeňil günleriň biri bolmasa-da, ony erbet diýip atlandyrmak bolmaz. Köp Seretanlar öň başarmadyk işlerini üstünlikli ýerine ýetirip, başgalaryň güýji ýetmedik meselelerinde gowy netijeleri gazanarlar. Elbetde  bu sabyrlylygy we tutanýerliligi talap eder.Meýilleşdirilmedik çykdajylar bolup biler. Olar köplenç öý meseleleri ýa-da ýakyn adamlara kömek etmek zerurlygy bilen bagly bolar. Siz puly biderek sowurmazsyňyz, dürli mümkinçilikleri deňeşdirip iň amatlysyny saýlarsyňyz.Içki duýgusyna gulak asmaga taýýar bolan Seretanlaryň girdejilerini artdyrmaga mümkinçiligi bolar. Käbirleri köne güýmenjesinden girdeji gazanmagyň ýoluny tapar ýa-da ýeňil, ýöne gowy tölegli goşmaça iş tapar.
 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Köp zatlar adatdakydan has aňsat bolar. Size peýdaly maslahat berip ýa-da hakyky kömek hödürläp bilerler.Günüň ortalary maşgala işleri we ýakynlaryňyz   bilen gatnaşyklar üçin aýratyn amatly bolar. Täze we çylşyrymly işe başlap bilersiňiz dostlaryňyz we garyndaşlaryňyz  aladalaryňyzyň bir bölegini paýlaşarlar. Maliýe meseleleri üstünlikli çözüler, garaşylmadyk ýerden pul gelip biler. Satyn alyşlar üçin hem amatly wagt: diňe peýdaly zatlary däl  eýsem göwnejaý ownuk sowgatlary hem alyp bilersiňiz.
Syýahatlar üstünlikli geçer. Aýratyn-da söýgüli adam bilen ýola çyksaňyz, romantiki we ýatda galyjy pursatlar köp bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Hemme zat  isleýşiňiz ýaly aňsat bolmaýandygyny  kabul etmäge çalşyň. Hatda ýeňil meseleleriň çözgüdi hem garaşyşyňyzdan köp güýç talap edip biler.Şonuň üçin ownuk şowsuzlyklara aşa duýgur bolmaň we kynçylyklaryň öňünde yza çekilmäň.Gatnaşyklarda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Mysal üçin, biri bilen doly düşünişmändigiňiz ýa-da kimdir birini nädogry düşünendigiňiz belli bolar. Ozal siziň kemçilikleriňize göz ýuman adamlar bu gün has tankydy bolup bilerler. Emma siz negatiw duýgulara ýol bermersiňiz we ýagdaýy nädip üýtgetmelidigini içki duýgyňyz arkaly aňarsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Täze hyzmatdaşlyklar ýa-da bilelikdäki taslamalar barada  bu gün gepleşikleri  geçirmek üçin örän amatly pursat. Pikirleriňizi anyk we ynandyryjy dilde beýan etmegiňiz töweregiňizdekileriň ünsüni çeker. Maliýe taýdan garaşylmadyk kiçijik maddy girdejiler ýa-da amatly teklipler bolup biler.Şahsy durmuşyňyzda emosional durnuklylyk we agzybirlik höküm sürer. Ýakyn ynsanyňyz ýa-da maşgala agzalaryňyz bilen ýüze çykan islendik düşünişmezligi parahatçylykly ýol bilen çözmek üçin  hasda oňat gün. Ýeke galan Mizanlar üçin bu gün täze, täsirli tanyşlyklary wada berýär  adaty bolmadyk ýerlerde gyzykly söhbetdeşler tapylyp biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün içki duýgyňyzyň görkezmelerine aýratyn üns bermeli. Hut olaryň kömegi bilen dürli işlerde üstünlik gazanyp, köpden bäri isleýän zatlaryňyzy alyp ýa-da hemmeleri kyn ýagdaýa salan meseleleri çözüp bilersiňiz. Täze işe girişen Kowuslar tiz wagtda dogry ýolda barýandygyna göz ýetirip ädimme-ädim maksadyna ýakynlaşarlar. Olar özbaşdak hereket etseler-de ýa-da kömek sorasalar-da ýyldyzlar goldaw berer.Öý we maşgala işleri bilen meşgullanyp garyndaşlar üçin möhüm meseleleri çözüp bilersiňiz. Eger öň ýakynlar bilen düşünişmezlik bolan bolsa, bu gün ýagdaýy kadalaşdyrmak başardar. Ýakymly tanyşlyklar hem mümkin.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 

Dynç almak üçin ajaýyp gün. Adatça Kowuslar işden daşlaşmak kyn düşer  ýöne bu gezek ähli aladalary wagtlaýyn unudyp,  şenbe gününden lezzet alyp bilersiňiz. Täze bir zady synap görmek peýdaly bolar. Belki ylham çeşmesini taparsyňyz ýa-da size köp ýakymly duýgular getirjek güýmenje edinersiňiz.
Kiçijik maliýe kynçylyklary bolup biler. Bu gün meýilleşdirilmedik satyn alyşlar üçin amatly däl umuman çykdajylarda seresap bolmak gerek. Adatdaky paýhaslylygyňyz wagtlaýyn gowşap biler şonuň üçin şübheli maýa goýumlary ýa-da oňaýsyz satyn alyşlar mümkin. Uly mukdardaky pul harçlamazdan öň tejribeli adam bilen maslahatlaşyň.
.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Möhüm we uly bir işi meýilleşdiren bolsaňyz, howlukmaň. Bu  ýeňil  däl maksada ýetmek ýolunda dürli päsgelçilikler ýüze çykyp biler. Elbetde bu ýüz öwürmegiň sebäbi däl. Ýöne maksadyňyza nähili ýetjekdigiňizi ýene bir gezek pikirlenip  has ýeňil ýollary gözlemek peýdaly bolar.Köp zat ygtybarly ýaranlary tapyp bilmegiňize ýa-da öň kömek eden adamlaryňyz bilen ylalaşyp bilmegiňize bagly bolar. Kimdir biri goldaw bermekden ýüz öwürse, göwnüňize almaň. Bu gün her kimiň öz işi bolup biler, şonuň üçin öňki ylalaşyklar bozulyp biler. Emma siz ýagdaýy asuda kabul etseňiz, tiz wagtda çözgüt taparsyňyz.
Bu gün köne gatnaşyklary dikeltmek, öňki dawa üçin ökünýän adamyňyz bilen ýaraşmak  amatly bolar.Şahsy gatnaşyklarda gowy üýtgeşmeler bolup, köp düşünişmezlikler geçmişde galar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Günüň başy erbet geçmez. Bu wagtda aýratyn uly üstünlik gazanmak kyn bolsa-da gündelik işleri ýerine ýetirip, köpden bäri üns talap edýän meseleleri çözüp bilersiňiz. Köp Hutlar bu gün aýratyn işjeň we amaly pikirli bolarlar, şonuň üçin ýagdaýy hakykata laýyk bahalandyrarlar. Bu maliýe meseleleriniň çözülmegine, üstünlikli şertnamalaryň baglaşylmagyna ýa-da peýdaly satyn alyşlaryň edilmegine mümkinçilik döreder.
Günüň ikinji ýarymynda gelýän maglumatlary örän ünsli barlamak gerek: kimdir biri sizi bilkastlaýyn ýalňyşdyrmaga synanyşyp biler.Şahsy gatnaşyklar  bolsa bu gün örän amatly bolar. Romantiki duşuşyklar gowy geçer, söýgüli adam bilen söhbetdeşlik size ylham berer. Eger öň düşünişmezlikler bolan bolsa, bu gün olaryň çözgüdi tapylar.Kynçylyklar ýüze çyksa-da, olar keýpiňizi bozmaz. Bütin günüň dowamynda özüňizi gowy duýarsyňyz, aýratyn-da işjeň dynç almak ýa-da gyzykly kiçijik syýahat üçin wagt tapsaňyz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün sizde täze pikirler we ideýalar gelip biler. Eger bu gün işlemeli bolsaňyz, işleriňiz aňsatlyk bilen çözüler. Täze taslamalara başlamak ýa-da gelejek barada meýilnama düzmek üçin amatly gün bolar. Emma  maliýe meselelerinde gyssagly kararlardan gaça durmak we  emosional satyn almalardan saklanmak has peýdalydyr.Günüň ikinji ýarymynda   ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklar örän mähirli bolar. Eger ýeke bolsaňyz, köpçülikleýin çärelerde ýa-da garaşylmadyk bir ýerde gyzykly ynsan bilen tanyşmagyňyz ahmal. Ýakynlaryňyza üns bermegi we olary diňlemegi unutmaň.