Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada söhbetdeşligiň jemleri boýunça Kremliň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günler «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazanda saparda bolýar.
Russiýa tarapynyň söhbetdeşligiň jemleri baradaky habarynda: «Türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny we söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy» diýlip bellenilýär.
Taraplar oktýabr aýynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetini nygtadylar.
