Bu gün siziň içki energiýaňyz örän ýokary bolar. Emma bu energiýany dogry ugra gönükdirmek wajypdyr. Günüň birinji ýarymynda gaharyňyzy saklamaly bolarsyňyz. Duýdansyz gaharlanmak ýa-da gyssagly kararlar iň soňunda ökünç getirip biler.Şeýle hem işewürlik täze taslamalara başlamak üçin däl-de, köne we bitirilmedik işleri tertibe salmak üçin amatly gün. Ýolbaşçylar bilen gatnaşykda diplomatik boluň.Maliýe meseleleriňizde garaşylmadyk şowly pursatlar bolup biler. Belki, köne berginiňiz gaýtarylar ýa-da goşmaça girdeji üçin mümkinçilik dörär.Şeýle hem örän möhüm kararlarlary kabul etmeli bolsaňyz, ony günüň ikinji ýarymyna, has asuda wagtyňyza goýuň.
Bu gün özüňizi örän ynamly we güýçli duýarsyňyz. Durmuşyňyzyň ähli ugurlarynda täze sahypa açmak üçin ajaýyp pursatlar dörär. Özüňize bolan ynamyňyz artar. Daş keşbiňizde üýtgeşme etmek, täze geýim satyn almak ýa-da özüňizi begendirjek bir iş bilen meşgullanmak üçin örän amatly gün.Şeýle hem maliýe taýdan şowly gün bolmagy mümkin. Girdejiňizi artdyrmak barada täze pikirler döräp biler. Uly we gymmat bahaly zatlary satyn almak üçin hem ýyldyzlar sizi goldarlar. Iş ýeriňizde siziň durnuklylygyňyza we sabyrlylygyňyza ýokary baha berler. Käbir kyn meseleleriň çözgüdi öz-özünden tapylar. Täze şertnamalar ýa-da ylalaşyklar baglaşmak üçin amatly pursat.Günüň ikinji ýarymynda maşgalada asudalyk we agzybirlik höküm sürer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün täze adamlar bilen tanyşmak, gepleşikleri geçirmek we maglumat toplamak üçin ajaýyp gün. Siziň ideýalaryňyz beýlekilerde uly gyzyklanma döreder.Iş ýa-da okuw bilen meşgullanýan Jöwzalar üçin örän öndüridiji gün. Eger okuwda ýa-da işde çylşyrymly mesele bar bolsa, bu gün onuň aňsat çözgüdini tapyp bilersiňiz.Maliýe meseleleriňizde ownuk girdejilere ýa-da garaşylmadyk sowgatlara garaşyň. Emma uly möçberdäki puly ýitirmezlik üçin resminamalara gol çekeniňizde ünsli boluň.Şahsy durmuşyňyzde ýakynlaryňyz bilen gyzykly söhbetdeşliklere garaşylýar. Söýgi meselelerinde bolsa ýeňil tanyşlyklar siziň ruhuňyzy göterip biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün ýyldyzlaryň täsiri bilen siziň duýgurlygyňyz has-da artar. Daşky dünýäden biraz çetleşip, öz içki dünýäňize we maşgalaňyza üns bermek islegiňiz ýokary bolar.Günüň esasy bölegini öýüňizi abatlamak, arassaçylyk işlerini geçirmek ýa-da maşgala agzalaryňyz bilen agşam naharyny iýmek üçin ajaýypdyr.Şeýle hem ýakynlaryňyzyň goldawy size täze güýç berer.Günüň ikinji ýarymynda Intuisiýaňyza gulak asyň. Bir mesele barada ikirjiňlenýän bolsaňyz, ýüregiňiz size dogry ýoly görkezer. Iş we Karýeraňyzda uly göwrümli işlerden gaça duruň. Adatça ýerine ýetirýän gündelik işleriňiz bilen meşgullanmak has netijeli bolar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Iş ýeriňizde tertip-düzgüni ýola goýmak we resminamalar bilen meşgullanmak üçin amatly gün. Köpden bäri dowam edip gelýän we çözülmesi kyn bolan meseleleriňiz bar bolsa, bu gün olaryň düýp sebäbini tapyp bilersiňiz.Şeýle hem maliýe meseleleriňizde örän seresaply we tygşytly bolarsyňyz. Bu gün edilen maýa goýumlary ýa-da satyn alnan peýdaly zatlar geljekde öz miwesini berer.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyza kömek etmek we peýdaly maslahatlar bermek islegiňiz artar. Emma tankytlamakdan gaça duruň adamlara diňe kemçiliklerini däl, eýsem gowy taraplaryny hem aýdyň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmek üçin gizlin meýilnamalary düzüp bilersiňiz. Siziň analiz etmek ukybyňyz bu gün ýokary derejede bolar.Adamlaryň niýetini aňsatlyk bilen duýup bilersiňiz. Eger kimdir biri sizden zat gizleýän bolsa, bu gün şol syryň üsti açylar. Bu gün öz içki sesiňize doly ynanyň.Günüň ikinji ýarymynda maliýe meseleleri bank işleri ýa-da karzlar bilen bagly meseleleriňizi çözmek üçin gowy gün. Şeýle hem garaşylmadyk ýerden maddy goldaw hem gelip biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün täze zatlary öwrenmek höwesiňiz artar. Durmuşyňyza täzeçillik girizmek we adaty bolmadyk ýollar bilen öňe gitmek üçin ajaýyp pursat.Ruhy taýdan örän güýçli bolarsyňyz. Kynçylyklara gülüp bakmagy başarmagyňyz töweregiňizdäki adamlara ruhy goldaw berer.Täze bir dile başlamak, kitaphana barmak ýa-da geljekki syýahatyňyzy meýilleşdirmek üçin amatly gün. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar ýa-da alysdaky dostlaryňyz bilen habarlaşmak garaşylmadyk täze gapylary açyp biler.Adaty bolmadyk teklipler hem gelip biler. Siziň döredijilikli we giň düşünjeli çemeleşmäňiz ýolbaşçylaryňyzyň ünsüni çeker. Karýeraňyzda uly böküş etmek üçin amatly wagt ýakynlaşýar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün ýyldyzlaryň täsiri bilen siziň durnuklylygyňyz we tutanýerliligiňiz ýokary derejä ýeter. Uzak möhletleýin meýilnamalaryňyzyň binýadyny tutmak üçin bu gün wagtdyr. Iş ýeriňizde örän uly jogapkärçilikleri öz üstüňize alyp bilersiňiz. Siziň kynçylyklardan gorkmazlygyňyz kärdeşleriňiz üçin nusga bolar. Möhüm resminamalar bilen işleşmek we anyk netije talap edýän meseleleri çözmek üçin amatly gün.Maliýe meseleleriňizde örän hüşgär bolarsyňyz. Bu gün maýa goýumlaryny seljermek ýa-da tygşytlylyk meýilnamasyny düzmek üçin gowy pursat. Uly töwekgelçiliklerden gaça duruň.
Çynlakaý we dowamly gatnaşyk gurmak aňsat bolmaz. Eger bir adam duýgularyny we tejribelerini siz bilen paýlaşsa, sabyrly boluň. Ony halaýan bolsaňyz, wagtyňyzy boş geçirmäň. Ýöne öz kynçylyklaryňyzyňyz baradaky gürrünleri bermäge-de synanyşmaň. Öýüňize aýratyn üns beriň, arassaçylyk işlerini geçiriň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Durmuşyň adalatsyzdygyny gowy bilýärsiňiz, ýöne şonda-da hemme zady sazlaşyklylyga we deňagramlylyga getirmäge çalyşýarsyňyz. Algylaryňyz bar bolsa, olary ýatdan çykarmak has gowudyr. Häzir adamlardan pul talap etmegiň wagty däl, kyn günleri başdan geçirýän bolup bilerler. Şonuň üçin kimdir biriniň size näçeräk bergisi barlygy hakda däl-de, bu serişdeleriňiz bolmasa-da özüňizi nähili gowy duýýandygyňyz hakynda pikir ediň.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
