JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri meşhur özbek aýdymçysy Farruh Zokirowy ýubileý ýaş toýy bilen gutlady

Mälim bolşy ýaly, Özbegistanyň Daşkent şäherinde«Gün­do­ga­ryň mer­je­ni» ady bi­len at­ly sport we gö­zel­lik bäs­le­şik­le­ri­, «Ahal­te­ke be­de­wi — halk­la­ryň dost­lu­gy­nyň ny­şa­ny» at­ly hal­ka­ra yl­my-amaly mas­la­ha­ty guraldy. Dabara sungat äleminde uly meşhurlyk gazanan Özbegistan Respublikasynyň halk artisti, meşhur aýdymçy Farruh Zokirow hem gatnaşdy. Özbegistanyň sungat ussadynyň ýakynda ýaş toýy toýlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurduň sungat ussadyny ýubileý toýy bilen gutlap, oňa ýörite sowgat iberdi. Sungat ussady sowgady uly hoşallyk bilen kabul edip, türkmen halkynyň Milli Liderine köp sagbolsun aýtdy.

– Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­den türk­me­nis­tan­ly dost­la­ry­my­za gyz­gyn sa­lam bol­sun! Şu gün­ler bi­ziň ýur­du­my­zyň paý­tag­ty türk­men-öz­bek dost-do­gan­ly­gy­nyň bar­ha pug­ta­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan iri çä­re­le­re bes­len­di. Şol çä­re­le­riň çä­gin­de çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Gahryman Arkadagyň adyn­dan aja­ýyp türk­men ha­ly­sy­nyň sow­gat hök­mün­de gow­şu­ryl­ma­gy me­niň üçin aý­ra­tyn ýat­da ga­ly­jy pur­sat bol­dy. Mu­ny türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň me­niň dö­re­di­ji­li­gi­me, «Ýal­la» ady bi­len ta­nal­ýan to­pa­ry­my­za bil­dir­ýän hor­ma­ty, ber­ýän ün­si di­ýip ha­sap­la­ýa­ryn – diýip, Farruh Zokirow “Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda belleýär.

 

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy