2026-njy ýylyň 3-8-nji maýy aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kinematografiýa baş müdirliginiň goldawy bilen Ege uniwersiteti tarapyndan guralan «Turan» halkara kinofestiwaly geçirildi. Türki halklarynyň kino sungatyny wagyz etmäge we halkara ynsanperwer dialogyny ösdürmäge gönükdirilen bu giň gerimli medeni forum Türkmenistanyň döredijilik üstünliklerini görkezmek üçin ähmiýetli meýdança boldy.
Festiwalyň çäklerinde Ege uniwersitetiniň Metbugat aragatnaşygy fakultetiniň binasynda türkmen kinofilmleriniň ýörite görkezilişi boldy. Tomaşaçylara ýurdumyzyň baý çeperçilik däplerini, medeni gymmatlyklaryny we döwrebap estetik garaýyşlaryny şöhlelendirýän türkmen režissýorlarynyň işleriniň özboluşly toplumy hödürlenildi.
Kinofestiwala türkmen filmlerinden başga-da Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan we Türkiýeden gelen kinematografiýaçylar gatnaşdylar. Maksatanama, şeýle hem, halkara görkezilişleri we möhüm ynsanperwer mowzuklaryna bagyşlanan ýörite bölümi öz içine aldy.
7-nji maýda Professor Ýusuf Wardar adyndaky medeniýet merkezinde geçirilen dabaraly sylaglaýyş dabarasy forumyň esasy wakalarynyň biri boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmen kinematografiýaçylary üç sany abraýly baýraga mynasyp boldular. Hünärmenlerimiziň ýokary professional ussatlygy dürli žanrlar boýunça bellenilip geçildi.
Eminleriň ýörite baýragy «Meniň oýnum» atly animasiýa filmi üçin Röwşen Welmiýewe gowşuryldy. Çeper film kategoriýasynda Batyr Batyrowyň «Ýeňişli ädimler» filmi «Iň gowy doly göwrümli film» diýlip ykrar edildi. «Iň gowy gysga göwrümli film» baýragyna bolsa režissýor Mekan Gurbanalyýew «Mähir terbiýesi» atly filmi üçin mynasyp boldy.
Türkmen kino ussatlarynyň Izmirdäki halkara meýdançasynda gazanan bu üstünligi milli kino sungatyny ösdürmek we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky medeni abraýyny berkitmek boýunça alyp barylýan döwlet syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Ozal hem belläp geçişim ýaly, Kinofestiwalyň işine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili, režissýor Sahysalyh Baýramow gatnaşdy.
Festiwala gatnaşan režissýor Sahysalyh Baýramow hem ussatlyk sapagyny geçirip, ssenariýa ýazmak, filmleriň ssenariýalaryny düzmek babatda özüniň tejribesini paýlaşdy.
