JEMGYÝET

Uruş weteranlary sylaglandy

Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Her ýylda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi.

Dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna hem söz berildi. Olar öz çykyşlarynda şol agyr ýyllaryň ýatlamalaryny paýlaşdylar hem-de döwletimiz tarapyndan özleri hakynda edilýän yzygiderli alada üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Dabara gatnaşyjylar 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezen ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, edermenligini we gazanylan Beýik Ýeňşiň taryhy ähmiýetini uly joşgun bilen wasp etdiler.

Soňra dabaraly ýagdaýda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgady hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda YHG-nyň medeniýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy