Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryndan, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenlerinden ybarat topar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyzdan ýola düşdüler. Olar bilen birlikde, halkara bäsleşiklere gatnaşdyryljak ahalteke atlary hem ýörite ulaglarda goňşy ýurda äkidildi.
Döwlet Baştutanymyz 9-10-njy maýda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini belläp geçipdi.
Ýeri gelende bellesek, Özbegistanda «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşiklerini geçirmek soňky ýyllarda asylly däbe öwrüldi. Doganlyk ýurtda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän hojalyklar geçen ýyllardaky bäsleşikleriň arzyly myhmanlary boldular. Şu ýyl bolsa dünýä medeniýetiniň bu ajaýyp gymmatlygynyň gadymy mekanyndan — Türkmenistandan ahalteke atlarynyň gatnaşmagy halkara bäsleşigiň derejesini we ähmiýetini has-da artdyrýar.
