Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Täze nebitgaz ýataklary özleşdirilip, bu ulgamda uly möçberli maýa goýumlary goýulýar. Pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak babatdaky wezipeler hem üstünlikli berjaý edilýär.
Türkmen tebigy gazy ýurduň ykdysadyýetiniň esasy sütüni bolup durýar. Türkmenistan dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýär. Ýurduň çäginde, esasan hem Mary welaýatyndaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känleri dünýäde iň baý känleriň hataryna girýär. Esasy eksport ugurlarynda Hytaý döwleti iň uly sarp ediji bolup, tebigy gaz bu ýurda ägirt uly turbageçiriji arkaly eksport edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, baý nebitgaz serişdelerimiziň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy milli ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuşyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli maýa goýum taslamalary hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysady ugurda amala aşyrýan esasy ýörelgesi Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak, önümçilik, senagat, gurluşyk we zähmet, şeýle hem intellektual kuwwaty artdyrmak bilen pugta bagly dürli ugurlarda gazanýan beýik ösüşlerimizde açyk-aýdyň duýulýar.
Ägirt uly gaz känleriniň yzygiderli özleşdirilmegi, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň gerimini hem has artdyrýar. «Galkynyş» gaz käni milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berýär. Känleriň we gaýtadan işleýän desgalaryň töwereginde ösen ulag, durmuş düzümi kemala getirilýär. Işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş toplumlary, ýollar, suw üpjünçilik ulgamlary gurlup, tutuş Mary welaýatynyň senagat taýdan ösüşine goşant goşulýar. Bellenilişi ýaly, bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak baradaky öňdengörüjilikli ylmy-tehniki syýasatyna eýerip, ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky ylym-bilim, durmuş-ykdysady taýdan bedew bady bilen okgunly öňe barýan ösüşinde dünýä ylmy-tehniki öňegidişliginiň soňky gazananlaryny we has kämil tehnologiýalaryny halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giňişleýin ornaşdyrmaklyga mümkinçilikler döredildi.
Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär.
Energetika pudagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugrudyr. Häzirki döwürde dünýäniň iň iri infrastruktura taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen kalbynyň ýylysynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň hytaý zähmetsöýerligi we yhlaslylygy bilen sazlaşygyndan döreýän gudratyň nyşanydyr. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny sanlaryňdyr maglumatlaryň dilinde beýan etsek, soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi ýokary depginde ösüp, ýylda 10 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazynyň 460 milliard kub metre golaýy iberildi. Geljekde bu gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň gurulmagy bilen dostlukly ýurda her ýylky iberilýän tebigy gazyň möçberini häzirki wagtda 40 milliard kub metr bolandygyndan 65 milliard kub metre çenli ýetirmek maksat edinilýär. Bu sanlaryň arkasynda müňlerçe iş orunlarynyň we täze önümçilikleriň döredilmegi, ildeşlerimiziň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi durýar.
Bu gün Garaşsyz Diýarymyz dünýäniň onlarça ýurdy, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi hem-de durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy şol hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ýörelgelerini düzýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika ulgamyndaky bilelikdäki köpýyllyk işiniň dowamynda toplan oňyn tejribesini, türkmen «mawy ýangyjyny» dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmäge hem-de gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary görkezmek bolar. Ýurdumyz tebigy gazy has düýpli hem-de toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berýär.
Oguljan Sadwakasowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy.
