JEMGYÝET

Türkmen bedewleri Özbegistanda gözellik bäsleşigine gatnaşar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda daşary ýurtlarda geçirilýän bedewler bilen baglanyşykly sergilere, maslahatlara, atly sport ýaryşlaryna gatnaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-10-njy maýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, şeýle hem “Ahalteke bedewi – halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak üçin zerur işler alnyp barylýar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu barada Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen baglylykda, 9-10-njy maýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” atly halkara çäräsiniň geçiriljekdigini belläp, bu çäreleriň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar