DÜNÝÄ

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokayew gazak-ýapon dostluk boýunça parlament toparynyň başlygy Yasutoşi Nişimuruny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Yasutoşi Nişimurany täze wezipä bellenmegi bilen gutlap, parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belläp geçdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Kasym-Žomart Tokayew Ýaponiýanyň Aziýada Gazagystanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtap, Tokioda geçirilen resmi saparynyň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutany “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” formatyndaky sammitiň 2027-nji ýylda Astanada geçiriljekdigini we oňa taýýarlygyň eýýäm başlandygyny habar berdi.

Nişimuru öz gezeginde Ýaponiýanyň parlamentiniň Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary