Dünýä belli aýdymçy Maýkl Jekson barada surata düşürilen “Maýkl” atly film prokatda rekord derejede üstünlikli başlap, dünýä boýunça 217,4 million dollar gazandy.
Belli aýdymçynyň durmuşyny açyp görkezýän düşürilen bu film uly gyzyklanma döretdi. “Lionsgate” studiýasynyň maglumatlaryna görä, bu mukdaryň 97 million dollary ABŞ we Kanada bazarlaryna degişli boldy.
Halkara prokatyň köp bölegini “Universal Pictures” kompaniýasy üpjün etdi. Bu taslama “Lionsgate” kompaniýasy üçin iň töwekgelçilikli maýa goýumlaryň biri boldy. Filmde baş keşbi, ýagny aýdymçynyň ýegeni Jaafar Jakson ýerine ýetirdi.
