JEMGYÝET

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Hytaýyň wekili HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hökmünde ýurdumyza öz saparyny amala aşyrýar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow garşylady.

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy esasynda ýurdumyz sapar bilen Hytaýyň ýokary wekilçilikli wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine gatnaşar.

Şeýle hem bu wekiliýetiň ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň Milli Liderine “Honda” kysymly motoulagy sowgat berdi

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Lukaşenko: Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyrys