13-nji aprelde Halkara Söwda Merkezi (ITC) Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistan: söwda durnuklylygy we integrasiýa” taslamasynyň çäginde Aşgabatda Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri üçin seminar geçirdi. Çärä dokma we tikinçilik pudagynda işleýän kiçi we orta telekeçiligiň 29 wekili gatnaşdy. Seminar wagtynda ýerli telekeçileriň we kompaniýalaryň eksport taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de olaryň Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna çykmak mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen kompaniýalarynyň halkara bazarlaryna bolan gyzyklanmasy artdygyça, alyjylaryň talaplaryna, hil standartlaryna we häzirki zaman bazar tendensiýalaryna düşünmek bäsdeşlige ukyplylygyň esasy faktoryna öwrülýär. Sessiyalar dowamynda gatnaşyjylar ÝB-niň dokma we egin-eşik bazarynyň häzirki tendensiýalary, “European Green Deal” çägindäki durnukly önümçilik meseleleri, sertifikasiýa talaplary hem-de ýewropaly alyjylaryň garaşýan zatlary bilen tanyşdylar.

Işewürligi ösdürmegiň amaly gurallaryna aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar 2027-nji ýylyň bahar–tomus tendensiýalaryna laýyklykda möwsümleýin kolleksiýalary döretmegiň usullaryny, önümleriň dürlüliginiň meýilnamalaşdyrylyşyny, önümler kategoriýasyny dolandyrmagy we dizaýny maksatly bazarlaryň talaplaryna laýyklaşdyrmagy öwrendiler. Aýratyn sessiýalar wizual merchandaýzing, brendi ýerleşdirmek we halkara diňleýjiler üçin ynandyryjy brend hekaýasyny döretmek meselelerine bagyşlandy.
Seminar maksatnamasy halkara pudaklaýyn sergilere netijeli taýýarlyk boýunça maslahatlary hem öz içine aldy, şol sanda Pariždäki “Who’s Next” sergisi. Bu ýerde kompaniýalar diňe bir önümlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem potensial alyjylar we hyzmatdaşlar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmalydyr. Jemleýji amaly sessiýada hususy pudagyň wekilleri sergä gatnaşmaga taýýarlyk görmek, bazardaky ornuny güýçlendirmek we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça anyk maslahatlary aldylar.
Alnan bilimler we maslahatlar kärhanalara kolleksiýalary kämilleşdirmäge, brendleri güýçlendirmäge we daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen işleşmäge taýýarlanmaga kömek eder. Bu çäre türkmen kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryny has ýokary goşmaça gymmatly önümleri döretmek we täze eksport ugurlaryny özleşdirmek ýolunda goldamagyň nobatdaky ädimi boldy.
“Türkmenistan: söwda durnuklylygy we integrasiýa” taslamasy barada
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu taslama işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we KOK-laryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşi hem-de mynasyp zähmeti goldamagy maksat edinýär. Taslama Türkmenistanyň sebit we dünýä söwdasyna, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyna gatnaşmagyna ýardam eder.
