2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edara binasynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) kömekçi edalaryna geçirilen saýlawlaryň dowamynda, Türkmenistan 2027–2030-njy ýyllar döwri üçin Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan (akklamasýa arkaly) saýlandy. Türkmenistan Komissiýanyň agzasy hökmündäki wezipelerine 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 2030-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder.
BMG-niň bu ýöriteleşdirilen Komissiýasyna saýlanmagy Türkmenistanyň milli derejede gazanan üstünlikleriniň hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara we sebit tagallalaryna goşan goşandynyň ykrarlanmagydyr. Şeýle hem, bu waka ýurduň ylym, innowasiýa, sanlylaşdyrma we umumy durnukly ösüş boýunça ählumumy gepleşiklere işjeň gatnaşmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.
Aşakda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatly ylym we tehnika boýunça komissiýasy barada gysgaça maglumat berilýär.
