JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Häzirki wagtda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Belarus Respublikasyna saparyny guramak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Belarusuň Türkmenistandaky Ilçisi Stanislaw Çepurnoý Gaznanyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatynda habar berdi.

Ilçiniň belleýşi ýaly, saparyň çäklerinde Belarus çagalar gaznasyna we Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezine baryp görülmegi meýilleşdirilýär. Saparyň esasy maksady — hünär tejribesini alyşmak hem-de özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Geçen ýyl ynsanperwer ulgamynda türkmen-belarus gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam eden birnäçe çäreler bilen bellenilip geçildi.

2025-nji ýylda Belarus çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy, Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkeziniň ýolbaşçysy Lýudmila Kondraşowa ýokary derejeli halkara maslahatlara işjeň gatnaşdy: mart aýynda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işini ösdürmek» hem-de dekabrda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek urunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly maslahatlara gatnaşdy. Kondraşowa tarapyndan geçirilen tanyşdyryşlar, duşuşyklar we gepleşikler gatnaşyjy ýurtlar bilen, ilkinji nobatda bolsa, Belarusyň we Türkmenistanyň çagalar gaznalarynyň ugry boýunça ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşdy.

«Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti, hormatly Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahatlar dürli ýurtlaryň halkara guramalarynyň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleriniň arasynda netijeli gepleşikleri üpjün etdi hem-de degişli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlyga we amaly gatnaşyklara güýçli itergi berdi» diýip, Çepurnoý nygtady.

Hyzmatdaşlyk eýýäm anyk netijeleri berýär. Diplomat belarus tarapynyň Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine belarus hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen, çaganyň pikirlenmesini we el hereketlerini ösdürmäge ýardam edýän ýörite ösdüriji toplumy we çagalar ortopedik aýakgabynyň nusgasyny sowgat berendigini ýatlatdy.

2025-nji ýylyň iýul aýynda Ilçi Çepurnoýyň Oguljahan Atabaýewa bilen hem duşuşygy boldy. Duşuşykda kömege mätäç çagalary bejermek, dikeltmek ulgamynda amaly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew 2025-nji ýylda Minsk şäherinde Belarus çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowa bilen duşuşyklar geçirdi we Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezine baryp gördi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma