BILIM

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji martynda Halkara Nebit we gaz uniwersiteti (HNGU)-da halkara söwda boýunça bilermen Azat Annadurdyýewiň gatnaşmagynda “Eksport – global bazarlaryň gapysy” atly açyk sapak üstünlikli geçirildi.

Açyk sapagyň dowamynda eksportyň ykdysady ösüşdäki ähmiýeti, daşary ýurt bazarlaryna çykmagyň mümkinçilikleri we häzirki zaman şertlerinde telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem ol halkara söwda ulgamynda toplan tejribesini paýlaşyp, ýaşlara öz işini ösdürmekde möhüm maslahatlary berdi.

Çärä uniwersitetiň talyplary, ýaş telekeçiler hem-de mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Gatnaşyjylar eksport bilen bagly sowallar bilen ýüzlenip, tejribeli bilermenden amaly jogaplary aldylar. Bu bolsa açyk sapagyň özara pikir alyşma we tejribe paýlaşma meýdançasyna öwrülendigini görkezdi.

Çäräniň ýokary derejede guralmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Halkara Nebit we gaz uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi hyzmatdaşlyk etdiler.

Açyk sapak ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmekde, halkara bazarlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda we olaryň dünýä derejesindäki ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna itergi bermekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Şeýle çäreleriň dowamly geçirilmegi talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň geljekde üstünlikli hünärmenler bolup ýetişmegine uly goşant goşýar.

 

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy