JEMGYÝET

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Taraplar iki ýurduň halkara meýdançalardaky özara gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler we mundan beýläk-de birek-biregiň başlangyçlaryna özara goldaw bermek niýetini tassykladylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag ulgamlaryndaky özara hereketleri güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek we halkara forumlaryna özara gatnaşmak meselelerine seredildi.

Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Related posts

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen energodialogy ösdürmäge taýýar

Içerki zähmet migrasiýasy

Samboda 7 Madalya

vepa